TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Few

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen Saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy hem bar. Bu taslamany özleşdirmek işlerini tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan, 2025-nji ýylyň 30-njy apreli aralygynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň taslamadaky esasy maksady öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Taslamada bellenilen şu aşakdaky ugurlar boýunça halkara bilermenleriniň ýurdumyza gelip, okuw-maslahatlaryny geçirmeklerini öz içine alýar:

- Maglumatlary jyns alamaty boýunça bölmek bilen, halkara öňdebaryjy deňeşdirme tejribäni  hasaba almak bilen Saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmek üçin strategiýalary işläp taýýarlamakda goldaw bermek;

- Gender çemeleşmäni hasaba alyp, BRIDGE formatynda degişli ugurlar boýunça okuwlary geçirmek arkaly saýlaw toparlaryň agzalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;

- Zenanlaryň syýasy gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öňe sürmek, şol sanda milli saýlaw kanunçylygyna zenanlar üçin wagtlaýyn ýörite çäreleri (WÝÇ) girizmek arkaly olaryň syýasy gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öňe sürmek.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ençeme ýyl bäri saýlaw ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam edýär. Munuň şeýledigine, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen şular ýaly okuw-maslahatlarynyň 2008-2012-nji we 2013-2014-nji ýyllarda hem guramaçylykly geçirilendigi şaýatlyk edýär.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...