TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN JEMGYÝETI WE KÄMIL SAÝLAWLAR

Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr. Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.

Saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny giňişleýin öwrenmek, olar barada saýlawçylaryň arasynda, saýlaw toparlarynyň arasynda düşündirişler geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, saýlaw ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň baş wezipeleriniň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ony milli ýörelgelere esaslanyp, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly ençeme işler alnyp barylýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki guramalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Bu ysnyşykly hyzmatdaşlyk bolsa, ýurduň saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine belli bir derejede öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, şeýle hem sebitdäki döwletlerden halkara synçylarynyň gatnaşmagy bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde halkara derejesinde tejribe alyşmaga ýardam berýär.

Türkmen halkynyň durmuşynda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary özüniň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhy jähtden bu wajyplygy şeýle düşündirip bolar. Türkmen halkynyň durmuşynda özboluşly maslahatlaryň, sala salşyklaryň yzygiderli geçirilendigini taryhy çeşmeler subut edýär. Bu ýygnaklarda, ýagny kiçi parlament geňeşlerinde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde daýhanyň hem, çopandyr çolugyň hem, kethudadyr baýlaryň hem deň ses bermek hukugynyň bolmagy türkmen jemgyýetinde irki zamanlarda hem çuň demokratik ýörelgeleriň höküm sürendiginden habar berýär.

Türkmenistanyň Baş Kanunyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine esaslanýan we döwletimiziň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolan saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky döwletimiziň kanunçylygy, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalarynyň kadalarynyň ulanylmagy ýurtda geçirilýän dürli görnüşli saýlawyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.

Türkmenistanda saýlamaga we saýlanmaga, sala salşyklara gatnaşmaga hukuklar çäklendirilmeýär we ol ählumumy häsiýete eýedir. Munuň özi halkyň ähli gatlagynyň wekilleriniň öz erk-islegini açyk we erkin beýan edip bilmekleri üçin döredilen oňyn şertlerdir.

Türkmenistanyň kanunlarynda we hakyky durmuşda adamlaryň syýasy hukuklary babatda hiç hili gadagan etmeler we çäklendirmeler ýokdur. Bu ýörelge jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň degişli ugurlaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilendir.

Biziň ýurdumyzyň saýlaw hukuklary we azatlyklary boýunça kanunlarynyň möhüm aýratynlygy olaryň bu ugurdaky halkara talaplaryna we ülňülerine gabat gelýänligidir.

Merkezi saýlaw toparynyň işiniň esasy ýörelgesi kanunylygyň, garaşsyzlygyň, tarap tutmazlygyň, kollegiallygyň, açyklygyň we aýanlygyň üpjün edilmeginden ybarat bolup durýar.

Ilatyň hukuk taýdan habarlylygyny üpjün etmek üçin Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy düzgünlerini, şeýle hem saýlawlary guramaga degişli hukuk kadalarynyň gysgaça düşündirişlerini öz içine alýan, saýlawlara dahylly kadalaşdyryjy resminamalary hem-de edebiýatlary neşir edýär.

Geçirilýän dürli görnüşli saýlawlara ses bermäge gelýänler üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler döredilendir.

 

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary.