Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da çuň demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli jemgyýetçilik – syýasy çäreleriň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylýandygy doly subut edýär.
Raýatlarymyzyň halk häkimiýetiniň gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen döwleti dolandyrmak işine gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine biziň döwletimizde örän uly ähmiýet berilýär. Olaryň saýlaw möwsümine işjeň gatnaşyp bilmekleri üçin zerur bolan kanuny mümkinçilikler, oňyn şertler döredilýär.
Aslynda, saýlaw möwsümi näme? Munuň özi kanunçylykda bellenilen tertipde saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak üçin degişli saýlaw topary tarapyndan bellenilen möhletdir. Türkmenistanda saýlaw möwsümi dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk, açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
Saýlawlar Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda saýlawlar ýa-da ählihalk sala salşyk gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda yglan edýär. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmegi we olary geçirmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän saýlaw toparlary üpjün edýärler.
Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde saýlaw toparlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan garaşsyzdyrlar. Saýlaw toparlary saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek işlerini açyk we aýan amala aşyrýarlar. Saýlaw toparlary öz düzümi, ýerleşýän ýeri we geçirýän işleri hakynda, bellige alnan dalaşgärler, olaryň terjimehallaryna degişli maglumatlar we sala salşyga girizilen meseleler üçin ses bermegiň netijeleri hem-de saýlawlaryň we sala salşygyň jemleri hakynda ilaty habarly edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary, etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlary, etrapdaky şäher, şäherçe we geňeşlik saýlaw toparlary, uçastok saýlaw toparlary guraýarlar. Bu saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleri bäş ýyldyr.
Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, edaralar, guramalar, kärhanalar we wezipeli adamlar saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň işi üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary, ulagy, saýlawlar we sala salşyk bilen baglanyşykly maglumatlary muzdsuz bermäge, saýlaw toparlarynyň öňde goýan meselelerine seretmäge we oňa üç günden gijä goýman jogap bermäge borçludyrlar.
Saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär. Saýlawlarda, sala salşykda ses bermegi geçirmek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär. Bu saýlawçylaryň ses bermegini geçirmek we olaryň seslerini sanamak üçin döredilýän çäk birligidir.
Mundan başga-da, saýlawlarda saýlaw okruglary hem döredilýär. Saýlaw okrugy saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek uçin bölünen çäkdir. Saýlaw okrugy diýip, saýlawlary geçirmek üçin çäkleriň böleklere bölünmesine hem düşünilýär. Saýlaw okruglarynda saýlawlar geçirilende çäkleri bölmeklik her bir saýlaw ulgamynyň wajyp häsiýetidir.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň çägi bir saýlaw okrugydyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda Türkmenistanda saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 125 saýlaw okrugy;
Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 40 saýlaw okrugy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 20 saýlaw okrugy;
Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär.
Biziň ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik - syýasy çärelerde saýlaw uçastoklary boýunça saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek işi nähili amala aşyrylýar? Saýlawçylaryň sanawy uçastok saýlaw topary tarapyndan düzülýär. Saýlawçylaryň sanawy belli bir saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlaryň sanawydyr. Saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli we saýlawlaryň, sala salşygyň güni hem on sekiz ýaşy dolan şol saýlaw uçastogynyň çäginde hemişelik ýa-da köplenç, has takygy saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan soňky üç aýyň dowamynda ýaşaýan we saýlaw hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara we raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanylyp, otuz gün galanda tamamlanýar.
Dalaşgäri bellige almak diýlende, saýlaw kanunçylygynyň talaplary berjaý edilip, dalaşgärlige hödürlenilen saýlaw hukukly raýatyň degişli saýlaw topary tarapyndan bellige alnyp, oňa dalaşgäriň ygtyýarlyklarynyň berilmegine düşünilýär.
Dalaşgärleri bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
Bu bellige alnan dalaşgärlere, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, wagyz işlerini geçirmek üpjün edilýär. Wagyz işleri saýlawlarda dalaşgäriň tarapyna ses bermeklige çagyrmak we onuň saýlanmagy ugrunda geçirilýän çärelerdir.
Dalaşgärleriň kanun tarapyndan gadagan edilmedik görnüşlerde we usullarda saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga ündeýän wagyz işlerini geçirmäge, dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny, olaryň syýasy, iş başarjaňlyk, şahsy sypatlaryny öz duşuşyk ýygnaklarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuklary bardyr. Saýlaw möwsümi döwründe amala aşyrylýan şu işler wagyz işleri hökmünde ykrar edilýär:
Dalaşgärleriň deň derejede köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanyp bilmegi kepillendirilýär.
Saýlawlar geçirilende wagyz işleri şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi deň derejede, has takygy 10 minut tölegsiz tertipde efir wagtyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýdalandylar. Munuň özi saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigini görkezýär.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda saýlaw býulletenine saýlaw okrugy boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy (elipbiý tertibinde), ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär. Ählihalk sala salşygynda saýlaw býulleteniniň ýazgysyny Merkezi saýlaw topary, ýerli sala salşykda bolsa etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary tassyklaýar. Saýlaw býulleteninde sala salşyga goýlan meseläniň kesgitlemesi we ses berýän sala salşyga gatnaşyjynyň erk-isleginiň görnüşleri: sese goýluşyna baglylykda “tarapyna” ýa-da “garşysyna” görnüşleri bellenilýär. Saýlaw býulleteni saýlawçylaryň erk-isleginiň ýazmaça subutnamasydyr.
Her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär. Saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan raýatlar saýlawlarda ses bermek bilen, özleriniň aktiw saýlaw hukugyndan peýdalanýarlar. Uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär. Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär.
Türkmenistanda geçirilýän saýlawlarda ses bermekligiň üç görnüşi, ýagny saýlawlar gününden öň ses bermek, saýlawlar güni ses bermek, saýlawlar güni ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek görnüşleri ulanylýar.
Ses bermek üçin goýlan saýlaw gutulary ses bermek tamamlandy diýlip yglan edileninden soň açylýar. Ses bermek tamamlanmanka saýlaw gutularyny açmak gadagandyr. Saýlaw gutularynyň açylmagynyň öň ýanynda uçastok saýlaw topary peýdalanmadyk saýlaw býulletenleriniň ählisini sanaýar we ulanylmaz ýaly edýär. Saýlaw uçastogynda sesler her bir saýlaw okrugynda dalaşgärleriň her biri boýunça aýratynlykda sanalýar.
Ses bermegiň netijeleri hakyndaky uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň jemi ýokarda durýan degişli saýlaw toparynyň mejlisinde kesgitlenilýär.
Degişli saýlaw topary her saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijesi hakynda teswirnama düzýär. Saýlaw topary teswirnama düzülenden soň saýlawlaryň netijesini yglan edýär. Teswirnamanyň nusgalary saýlaw toparynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýar.
Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň asyl mazmuny raýatlarymyzyň halk häkimýetiniň gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen döwleti dolandyrmak işine gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Şu makalada agzalyp geçilen meseleleriň ählisi saýlaw möwsümine dahylly işler bolup, ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň işiniň örän guramaçylykly ýola goýulmagyna aýratyn üns berilýär.
Annadursun MESKUTOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.