Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.
Her bir erkin, demokratik saýlaw ulgamy saýlaw işleri boýunça raýatlaryň şikaýatlaryna we ýüztutmalaryna garamagy göz öňüne tutmalydyr. Batly depgin bilen ösýän demokratik döwletlerde saýlawlar boýunça şikaýatlara kanunçylyga laýyklykda seredilmegi, döwletiň güýç-kuwwatlylygyny, syýasatynyň açykdygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 90-njy maddasynyň birinji böleginde: “Saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň raýatlaryň saýlaw hukugyny, şu Kodeksiň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny bozýan kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) ýokarda durýan saýlaw toparyna şikaýat edilip” bilinmegi barada has-da giňişleýin beýan etmek maksady bilen, käbir mysallary getirmek bolar:
Saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine şikaýat etmek diýlende, olaryň raýatlaryň saýlaw hukugyny, saýlaw kanunçylygynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny bozýan hereketlerine nägilelik bildirilip edilýän şikaýatlara düşünip bolar. Mysal üçin, haýsy hem bolsa bir degişli saýlaw topary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň talaplary berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleri bellige almakdan ýüz döndürse, ýokarda durýan saýlaw toparyna ýa-da kazyýete üç gün möhletde şikaýat edilip bilner.
Saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň hereketsizligine şikaýat etmek diýlende bolsa, kanun esasynda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin degişli hereketleriň edilmeýändigine, ýagny hereketsizlige nägilelik bildirilip edilýän şikaýatlary aňlap bolar . Mysal üçin, haýsy hem bolsa bir degişli saýlaw topary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň talaplary berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýa-da habar ýetirmegiň beýleki umumy elýeter usullary arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilmese, saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň hereketsizligine ýokarda durýan saýlaw toparyna şikaýat edilip bilinýär.
“Şikaýat esaslandyrylan bolmalydyr we ol esaslanylýan subutnamalar bilen bilelikde berilmelidir” diýlip, Saýlaw kodeksinde beýan edilýär. Bu bolsa saýlawlar boýunça şikaýat etmek islenen ýagdaýynda, şikaýatyň hökmany ýagdaýda esaslandyrylan bolmalydygyny we subutnamalaryň ýerlikli we ýeterli bolmalydygyny görkezýär.
Saýlawlar boýunça şikaýat bilen ýüz tutup biljek taraplar barada Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 90-njy maddasynyň ikinji böleginde: “Şikaýat bilen saýlawçylar, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar, teklipçi toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem saýlaw toparlary ýüz tutup bilerler” diýip aýdyň beýan edilýär.
Şikaýat bilen ýüz tutulan ýagdaýynda, şikaýata kanuna laýyklykda bellenen möhletde seretmek barada Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 90-njy maddasynyň üçünji böleginde şeýle bellenilip geçilýär: “Saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlar saýlaw toparlary tarapyndan şikaýatyň gelip gowşan pursadyndan beýläk üç gün möhletde, saýlawlaryň, sala salşygyň gününiň öň ýanyndaky günde ýa-da saýlawlar, sala salşygyň güni bolsa haýal edilmän seredilmäge degişlidir”.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 91-nji maddasynyň birinji böleginde saýlawlar boýunça kimlere şikaýat edip boljakdygy barada: “Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, beýleki edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw toparlarynyň, saýlaw işine, sala salşyga beýleki gatnaşyjylaryň raýatlaryň saýlaw hukuklaryny bozýan kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine), şeýle hem dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlaryň şu Kodeksiň talaplaryny bozýan hereketleri kazyýete şikaýat edilip bilinýär” diýip bellenilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 91-nji maddasynyň soňky böleklerinde: “Merkezi saýlaw toparynyň, onuň wezipeli adamlarynyň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilip bilner. Şikaýat boýunça kazyýetiň kabul eden çözgüdi şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýär” diýip, şikaýata seredilişi we çözgüdiň kabul edilişi barada aýdyň beýan edilýär. Kazyýetler hem öz gezeginde şikaýatlara kanunçylyga laýyklykda wagtynda, adalatly, yzygiderli, kemsiz seretmäge borçludyrlar.
Saýlawlar boýunça şikaýatlara kanunçylyga laýyklykda seredilmegi, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe bir syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamda däl, eýsem kanunçylyk babatda hem ösen dünýäniň talaplarynyň derejesine göterilendigini alamatlandyrýar.
Agajan JUMAGELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.