TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DALAŞGÄRLER WE OLARYŇ YNANYLAN ADAMLARY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik binýatlarynyň, milli däplere daýanýan hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň barha kämilleşýändiginiň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde syýasy partiýalaryň hem-de raýatlar toparlarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr. Çünki saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy geçirilýän islendik saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar.

Saýlaw möwsümi dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Dalaşgär haýsy hem bolsa bir saýlawly wezipä (Prezident, deputat, agza) saýlanmak üçin dalaş edýän we sese goýulýan saýlaw hukukly raýatdyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji we 47-nji maddalaryna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen günine çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Aslynda, Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň köppartiýalylyk esasynda geçirilmegi, ýagny saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle-de raýatlaryň toparlarynyň gatnaşmagy saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda, açyklykda, aýanlykda, giň bäsleşik esasynda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigini görkezýär hem-de ýurdumyzda demokratiýanyň we halk häkimiýetliliginiň has-da dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilip bilner. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün  galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.

Dalaşgär özüniň saýlawlarda sese goýulmaga razydygy hakynda degişli saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi guramalarynyň mejlislerinde, ýagny gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda hödürleýärler. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, has takygy gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda hödürleýärler. Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde hödürleýärler. Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler.

Şeýle-de dalaşgärleri hödürlemek raýatlaryň toparyna hem degişli bolup durýar.

Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende ol saýlawçylaryň azyndan on müňüsiniň goly bilen goldanylmalydyr. Şunda Türkmenistandaky etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň üçden biriniň her birinden gollaryň sany azyndan üç ýüz bolmalydyr.

Merkezi saýlaw topary teklipçi toparyň ýolbaşçysy we agzalary tarapyndan gol çekilen we olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri, şeýle hem toparyň ýerleşýän ýeri görkezilen bellige almak baradaky arzasynyň gelip gowşan gününden başlap üç günden gijä galman bu topary bellige alýar we onuň her bir agzasyna degişli şahsyýetnama berýär. Teklipçi toparyň bellige almak baradaky arzasy saýlawlar gününe çenli ýetmiş gün galandan başlap berilýär.

Gollary ýygnamak hödürlenilýän dalaşgäriň teklipçi topary tarapyndan guralýar. Teklipçi toparyň düzümi Türkmenistanyň saýlaw hukugy bolan raýatlarynyň ellisinden az bolmaly däldir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Saýlaw möwsümi dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler, bu düzgün şol bir derejedäki wekilçilikli edara agzalyga dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklara degişlidir. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.

Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagy degişli saýlaw okrugyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna diňe bir dalaşgär hödürläp biler.

Raýatlaryň toparynyň ýygnagyna gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Dalaşgäri hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň tertibi we ýygnagyň alnyp barlyşynyň beýleki meseleleri ýygnaga gatnaşýanlar tarapyndan kesgitlenilýär. Dalaşgär hödürlenilendigi hakyndaky karar barada dalaşgäre hem iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutaran gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä galynman,  habar berilýär.

Dalaşgärleri bellige almak bolsa, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary olar bellige alnandan soň bäşilenji günden gijä goýman ilatyň dykgatyna ýetirýär, habarda dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Dalaşgärleriň bellige alnan pursadyndan beýläk saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň Prezidentligine her bir dalaşgäriň her etrapda, etrap hukukly şäherde üçe çenli, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatyna agzalyga her bir dalaşgäriň bäşe çenli, Geňeş agzalygyna her bir dalaşgäriň bolsa üçe çenli ynanylan adamy bolup biler. Olar saýlaw möwsümini geçirmekde dalaşgäre kömek berýärler, onuň saýlanmagy ugrunda wagyz işini alyp barýarlar,  döwlet häkimiýet we ýerli öz özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, saýlawçylar bilen özara gatnaşyklarynda, şeýle hem saýlaw toparlarynda onuň bähbidini araýarlar.

Dalaşgär bellige alnandan soň, ol öz islegine görä ynanylan adamlaryny kesgitleýär we olary bellige almak üçin degişli saýlaw toparyna olar hakynda habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny Merkezi saýlaw topary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny degişli okrug saýlaw topary, Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny degişli etrap, şäher saýlaw toparlary, Geňeş agzalygyna bolsa dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny etrapdaky şäher, şäherçe geňeşlik saýlaw toparlary bellige alýarlar.  

Dalaşgärleriň ynanylan adamlary saýlaw döwri bilen baglanyşykly işleri alyp baranlarynda, olaryň ýanynda degişli şahsyýetnamasy bolmalydyr. Dalaşgäriň ynanylan adamy tarapyndan düzgün bozulmalara ýol berlen halatynda, degişli saýlaw topary onuň resmi taýdan bellige alynmagyny ýatyryp biler.

Dalaşgär saýlawlara çenli islendik wagt ynanylan adamlaryny çalyşmaga hukuklydyr. Ynanylan adam hem islendik wagt öz ygtyýarlyklaryny tabşyryp biler. Saýlaw toparynyň agzasy ynanylan adam bolup bilmez. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň ygtyýarlyklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň jemi jemlenilenden soň tamamlanýar.

Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň nähili ygtyýarlyklary bolýar? Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň toparlarynyň wekilleri, dalaşgärler, synçylar, saýlawçylar bilen duşuşmaga, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň berjaý edilişine syn etmäge, Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy, saýlawlara taýýarlyk görlüşi we olaryň geçirilişi barada öz pikirini aýtmaga, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynda bolmaga, saýlawçylaryň sanawynyň düzülişine syn etmäge hem-de sanaw bilen tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň mejlislerinde bolmaga, saýlaw gutulary möhürlenilende bolmaga, öňünden ses berlişine, ses berilýän jaýdan daşarda ses berlişine, saýlawlar güni saýlaw uçastogynda ses berlişine syn etmäge, saýlaw býulletenleriniň berlişine syn etmäge, sesleriň sanalyşynda doldurylan ýa-da doldurylmadyk islendik saýlaw býulletenine, şeýle hem saýlaw topary tarapyndan ses bermegiň jemleri hakyndaky teswirnamanyň we beýleki resminamalaryň düzülişine syn etmäge, ses berlen saýlaw býulletenleriniň, hakyky däl diýlip hasap edilen saýlaw býulletenleriniň, ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriniň sanalyşyna syn etmäge, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň jemleri baradaky teswirnamalary we ol teswirnamalara goşulan resminamalar bilen tanyşmaga, saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny almaga hukuklydyrlar.

Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň kanun tarapyndan gadagan edilmedik görnüşlerde we usullarda saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga ündeýän wagyz işlerini geçirmäge, dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny, olaryň syýasy, iş başarjaňlyk, şahsy sypatlaryny mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin we hemme taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuklary bardyr.

Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň saýlaw býulletenini bermäge, saýlawçylaryň ýerine saýlaw býulletenini doldurmaga, ses bermegiň gizlinligini bozýan hereketleri etmäge, saýlaw býulletenleriniň sanalyşyna gatnaşmaga, saýlaw toparlarynyň işine päsgel berýän hereketleri etmäge hukugy ýokdur.

Dalaşgärlere, olaryň ýakyn garyndaşlaryna, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna saýlawlaryň bellenilen pursadyndan saýlawçylara bermit bermek, olara pul serişdelerini tölemek, sowgatlary we beýleki maddy gymmatlyklary bermek, harytlary ýeňillikli bahalardan satmak, wagyz häsiýetli çap maglumatlaryndan başga islendik harytlary tölegsiz ýaýratmak, şeýle hem muzdsuz ýa-da ýeňillikli şertlerde haýsydyr bir hyzmatlary etmek gadagandyr. Şeýle-de saýlawlaryň bellenilen pursadyndan saýlawlaryň netijeleriniň çap edilen pursadyna çenli haýyr-sahawat işi bilen meşgullanmaga hukuklary ýokdur.

Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe sürýän we merdana pederlerimiziň mukaddes watançylyk ruhuna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alýan, beýik ösüşleriň belentliklerine sary bedew batly gadam urýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy. Bu gün biziň ýurdumyz  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şol ýol bilen bagtly günleriň şuglaly belentliklerine tarap ynamly barýar.  

 

Berdimyrat GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.