Türkmen halkynyň demokratik we milli ýörelgelere esaslanýan, pederlerimiziň erkin pikir beýan etmekde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar bu gün köppartiýalylyk şertlerinde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna mynasyp dalaşgärleri hödürlemek, milli synçylary bellemek, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek, saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmak ýaly işlere giňden gatnaşýarlar. Şeýle hem syýasy partiýalar daşary ýurt synçylary we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler. Munuň özi ýurtda demokratiýanyň ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, syýasy partiýalaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleriniň, halk demokratiýasynyň netijeli görnüşi bolan saýlawlary geçirmek boýunça baý tejribe toplanyldy. Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä öwrüldi. Saýlawlar raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin we meýletin amala aşyrmaklarynyň hem-de milli demokratiýanyň özboluşly ýüze çykmasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim — parasat bilen belläp geçişi ýaly, «Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň milli ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynyň ýokary depginli ösüşi öz gözbaşyny jemgyýetimiziň agzybirliginden, jebisliginden we halkymyzyň döredijilikli zähmetinden alyp gaýdýar». Diýarymyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň, kämilliginiň, işjeňliginiň doly keşbini beýan edýän aýanlyk şertlerinde geçirilýän saýlawlar milli demokratiýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň akabasy hökmünde halk hakydasynyň şöhratly taryhyna girdi.
Saýlaw işleriniň aýanlygy saýlaw toparlarynyň işi hem-de saýlawlara halkara we milli synçylaryň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň syn etmegi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan saýlawlar baradaky habarlaryň ilatyň dykgatyna yzygiderli, öz wagtynda ýetirilip durulmagy esasynda amala aşyrylýar. Saýlaw toparlary özleriniň düzümi, ýerleşýän ýeri we saýlawlar bilen baglanşykly geçirilýän guramaçylyk işleri barada, bellige alnan dalaşgärler we olaryň terjimehalyna degişli maglumatlar we her bir dalaşgär üçin ses bermegiň netijeleri hem-de saýlawlaryň jemleri hakynda ilaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habarly edip durýarlar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň halkara kadalaryny demokratik ýörelgelere laýyklykda has-da kämilleşdirmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetli-liginiň dabaralanmagyny gazanmak demokratik institutlaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.
Saýlawlar jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolýar. Saýlawlara syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar bilen birlikde, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda geçirilýändigine syn etmek üçin dünýäniň abraýly halkara guramalaryndan, ýagny Birleşen Milletler Guramasyndan wekiller, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle-de daşary ýurt döwletlerinden halkara we garaşsyz synçylary we bilermenleri gatnaşýarlar.
Häzirki zaman saýlaw hukugynyň tejribesine ser salsak, saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ýüze çykýar. Saýlawlaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylary belläp, olary degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige almak hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalary gowşurmak işleriniň geçirilişi barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna yzygiderli ýetirilip durulmagy biziň saýlawlarymyzyň aýanlyk şertlerinde geçirilýändigini aňladýar.
Saýlawlara ýokary guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça işleriň barşy barada, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisleri we onda kabul edilen kararlar, dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklaryň we dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklarynyň geçirilýän ýeri, wagty we dowam edýän beýleki çäreler baradaky habarlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan: Altyn asyr» atly internet-saýtynda we Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda, şeýle hem merkezi we welaýat gazetlerinde, teleradioýaýlymlarda yzygiderli ilatyň dykgatyna ýetirilip durulmagy bolsa, raýatlaryň habar kepillikleriniň doly berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Saýlawlara taýýarlyk görlüşiniň we geçirilişiniň barşyny beýan etmek döwri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin örän gyzgalaňly döwürdir. Sebäbi, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynda alnyp barylýan işler saýlawçylary gyzyklandyryp durýar. Şoňa görä-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri saýlawlar baradaky makalalary, habarlary, reportažlary, hronikalary taýýarlaýarlar. Saýlawlaryň ähli tapgyry baradaky habarlary öz wagtynda saýlawçylara ýetirýärler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň geçirilişiniň beýan edilmegi saýlaw möwsüminiň dowamynda saýlawlar bilen baglanyşykly işleriň aýanlygyna we raýatlaryň giňden habarly edilmegine, saýlawçylaryň öz erkini düşünjeli beýan etmegine we mynasyp dalaşgäre ses bermeklige işjeň gatnaşmagyna özüniň täsirini ýetirýär.
Saýlawlar döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň netijeli işlemekleri üçin döredilýän ähli zerur mümkinçilikler, olaryň geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň mazmunyny giň we çuň beýan edip, halk köpçüligine ýetirilmegine, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigini giňden beýan etmekleri üçin daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hem giň mümkinçilikler, oňyn şertler döredilýär.
Muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň internet saýtynda, ýagny «saylav.gov.tm» saýtynda onlaýn arkaly saýlawlaryň geçirilişine, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki saýlaw uçastoklarynda ýerleşdirilen ýörite kameralar arkaly saýlawçylaryň ses berişlerine göni ýaýlymda yzygiderli we üznüksiz syn etmek mümkinçiliginiň döredilendigini görkezmek bolar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilen bu jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşan halkara synçylary saýlawlaryň guralyşyna ýokary baha berdiler. Demokratik saýlawlar türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, hakyky halk häkimiýetlili-giniň ýörelgelerini dikeltmek ýolunda möhüm ädim boldy.
Hekimberdi ÖWEZOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.