TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MÖHLETINDEN ÖŇ ÇYKYP GIDENLERIŇ ÝERINE GEÇIRILJEK SAÝLAWLAR

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä görülýän taýýarlyk işleri ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek saýlaw toparlarynyň möhüm wezipesi  bolup durýar.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek babatynda netijeli tejribeleriň toplanylandygyny hem aýratyn bellemek bolar. Geçen 2018-nji ýylyň 25-nji martynda ýurdumyzda geçirilen saýlawlara halkara derejesinde ýokary baha berilmegi munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen subut etdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda, indi ýurdumyzda saýlawlaryň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi özboluşly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 85-nji maddasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda, degişli saýlaw okrugynda täze saýlawlaryň geçirilýändigi, şol saýlawlaryň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda bellenilýändigi beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky №116-VI belgili kararyna laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirmeklik bellenildi. Bu saýlawlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

Olaryň möhletinden öň çykyp gitmekleriniň, ýagny ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagynyň esaslary we tertibi bolsa «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» we «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň degişli maddalary esasynda düzgünleşdirilýär.

Häzirki wagtda möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça deslapky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy hem-de saýlaw resminamalarynyň nusgalary taýýarlanylýar.

Umuman, öňümizde geçiriljek saýlawlarda mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi hem-de şolaryň içinden bolsa saýlawçylar tarapyndan Watanymyza wepaly deputatlaryň we agzalaryň saýlanylmagy üçin ähli kanuny mümkinçilikler hem-de şertler üpjün ediler.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda jemlenilen maglumatlara ser salamyzda ýurdumyz boýunça:

- Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 saýlaw okrugy;

- welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240 saýlaw okrugy;

- etrap, etrap hukukly şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1200 saýlaw okrugy;

- Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa 5900 saýlaw okruglary döredildi.

Şeýlelikde, saýlaw okruglarynyň jemi sany 7465-e deň boldy.

Sany agzalyp geçilen şol saýlaw okruglarynyň käbirleri boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi ýurdumyzda ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere uly hormat goýulýandygyny, şonuň esasynda bolsa saýlaw okruglarynyň saýlawçylarynyň erk-islegleriniň yzygiderli üpjün edilýändigini görkezýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda amala aşyrylýan demokratik ýörelgeleriň mundan beýläk hem has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.  

 

Amangeldi ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.