Türkmenistanda geçirilýän her bir saýlaw raýatlarymyz üçin halk demokratiýasynyň özboluşly baýramçylygyna öwrülýär. Il arasynda uly hormata mynasyp ynsanlary dalaşgärlige hödürlemek däbine eýerýän türkmenistanlylar, ýurdumyzda 31-nji martda geçiriljek möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlarda hem pederlerimizden miras gelýän şol asylly ýörelgä eýermegi maksat edinýärler. Şonuň üçin-de bu saýlawlar ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşmaklarynda, özboluşly bäsleşik esasynda geçiriler. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar ýurdumyz boýunça jemi 124 saýlaw okrugynda we 220 saýlaw uçastogynda geçiriler. Bu saýlawlara görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň bermeklerini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň jogapkär wekillerine ýüz tutduk:
Allaberdi USSAÝEW, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň orunbasary:
– Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygy hem-de saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere laýyklykda, köppartiýalylyk şertlerinde we guramaçylykly geçirilýär.
Türkmen halky taryhy döwürlerde hem maslahatlaşmak, sala salmak, ses bermek arkaly il içinde uly abraýa, hormata, ynama eýe bolan düşünjeli adamlary wezipeli orunlara saýlapdyr. Munuň özi bolsa türkmen milletiniň taryhy demokratik ýörelgeleriniň kämil derejede bolandygyny we halkyň erk-isleginiň goralandygyny görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän saýlawlar raýatlaryň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň hem esasy çeşmesidir. Saýlawlary geçirmegiň kanunçylyk binýadyny bolsa demokratik kadalary özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi düzýär.
Amangeldi GANDYMOW, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi:
– Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.
Elbetde, munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgelere, milli kanunçylyklarymyza we ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändiginiň we Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Amangeldi ANNADURDYÝEW, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy:
– Saýlawçylaryň ses bermekleri netijesinde saýlanylýan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýurdumyzda döwlet Maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýan wekillerdigini ýada salanyňda, saýlawlaryň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredigini görmek bolýar.
Saýlawlaryň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik ýörelgeler bolan ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi, erkinligi we bäsleşik esasynda geçirilmegi, şeýle-de saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ýagdaýda ses bermäge gatnaşmagy halkymyzyň gadymdan gelýän agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik häsiýetleriniň bütin dünýä dabaralanmasydyr.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» ýylynyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriň, demokratik ýörelgeleriň mundan beýläk hem has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.