TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

Umumyadamzat gymmatlyklaryna uly goşantlary goşan türkmen halkynyň  şöhratly  geçmişi bar.Taryhyň gatlaryna  siňe ser salsaň, türkmen topragynyň  kämil demokratik  ýörelgeleriň dörän merkezleriň biri bolandygyna  çuň göz ýetirýärsiň. Ynsan  kowmunyň  bäşinji sallançagy  saýylýan  gadymy Marguşda dürli  ynançly adamlaryň jebis ylalaşykda, agzybirlikde ýaşandygyny meşhur arheolog W. Sarianidiniň  ylmy  barlaglary-da Äleme äşgär etdi.  Jemgyýeti paýhas bilen dolandyrmak, raýatlaryň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň bähbitlerini hemmetaraplaýyn göz öňünde tutmak...  ýaly adyl ýörelgeler ýurdumyzda  geçirilýän  dürli görnüşli saýlawlarda-da ähli özboluşlylygy, milliligi bilen aýdyň ýüze çykýar. Munuň özi 2019-njy ýylyň 31-nji martynda ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlarda hem  şeýle boldy. Şeýle hem bu saýlawlar türkmenistanlylaryň döwlet işlerine örän  işeňňir we uly yhlas bilen, jogapkärçilikli  gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.

Saýlaw uçastoklarynyň ählisinde özboluşly baýramçylyk ýagdaýynyň  höküm sürmegi, ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylara saýlaw uçastoklarynda hormatly ýaşulularymyz tarapyndan saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine baý milli öwüşgin çaýdy.

Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan bellige alnan ençeme dalaşgäriň gatnaşmagy bolsa, häzirki zaman türkmen  jemgyýetinde  demokratik  ýörelgeleriň mäkäm kök urandygyny  doly subut etdi.

Ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň barşyna synçylygy amala aşyran milli synçylaryň saýlawlaryň bäsleşik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçendigini doly tassyklamaklary bolsa, Bitarap Türkmenistanda  şeýle  möhüm syýasy  çäreleriň ösen  dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygynyň nyşanydyr.

Şu gezekki saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy olaryň käbir saýlaw uçastoklaryndan onlaýn-alyp görkezmek usuly arkaly geçirilmeginde jemlendi. Islendik adam Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,12 göteriminiň, welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,86 göteriminiň, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göteriminiň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göteriminiň gatnaşmagy bolsa, raýatlarymyzyň syýasy işjeňliginiň örän ýokarydygyndan habar berýär.

2019-njy ýylyň 31-nji martynda giň bäsleşik, demokratik we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçen bu saýlawlar    ýurdumyzda Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda çuň demokratik özgertmeleriň barha rowaç alýandygynyň, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda  hakyky halk  demokratiýasynyň   doly dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

 

Merkezi saýlaw topary.