Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Şol gün ýurdumyzda bu sene mynasybetli baý mazmunly dürli dabaralar geçirilýär. Olarda türkmeniň haly sungatynyň ösdürilişini, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň hünär ussatlyklaryny, haly dokamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilen çäreler guralýar.
Täze taryhy döwürde sungat derejesine ýetirilen türkmen halysynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy has-da artdy. Türkmeniň bu jadyly el sungatynyň meşhurlygynyň Zemin içre dabaraly ýörişi üstünlikli dowam edýär.
Biziň ussat halyçylarymyz soňky ýyllarda nepis halylaryň täze görnüşlerini dokamak bilen, bu täsin sungatyň muşdaklaryny haýrana goýýarlar. Olaryň ellerinden çykan portret halylarynyň, tebigatyň keşbiniň ajaýyp pursatlarynyň inçe hem täsirli beýany bolan peýzaž halylarynyň, iki ýüzli we ýüpekden dokalan halylaryň, agramlary tonnalara barabar bolan mähnet halylaryň, dürli görnüşli sowgatlyk haly önümleriniň... nepisligini synlanyňdan soň, biziň ýurdumyzda bu sungatyň ösüşiniň gün-günden rowaçlanýandygyna doly göz ýetirýärsiň.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.
Halkymyzyň döredijilik zehini biziň günlerimize gelip ýeten nepis halylarda, ajaýyp matalarda, keşdelerde tutuş dünýä açylýar. Dünýäniň iri muzeýlerinde türkmen ussatlarynyň ençeme nesilleriniň dokan halylarynyň hem-de lybaslarynyň nusgalarynyň taryhy gymmatlyklar hökmünde saklanylmagy bolsa, gelin-gyzlarymyzyň bu sungatyna goýulýan uly hormatdan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda türkmen halylarynyň hemişelik, öçmejek gözellige eýedigini aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu sungatyň gadymy däplerininiň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berilmegi bolsa, biziň ýurdumyzda halyçylyk işiniň geljekde has-da gülläp ösjekdiginiň alamatydyr.