Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, bu gün resmi baýramçylyk senelerimiziň sanawyna girizildi. Bu bolsa, bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda amala aşyrylýan syýasatyň umumadamzat gymmatlyklaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini ýene bir gezek doly subut edýär. Milli Liderimiziň ýaş nesiller barada alyp barýan syýasaty çagalaryň bagtyýar geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada ýugrulandyr. Çagalar barada döwlet derejesinde alada edilmegi bolsa, olarda şahsyýetiň esasy alamatlarynyň, ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegini, durmuşa ukyplylygyň hem-de maksada okgunlylygyň doly ýüze çykyp başlamagyny üpjün edýär. Olarda diňe bir özleri, iň ýakynlary üçin däl-de, tutuş jemgyýet üçin jogapkärçilik duýgularynyň emele gelmegine ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda çagalaryň dürli hünärlere bolan höwesiniň oýarylmagyna, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen ähli zerur şertler döredilendir.
Türkmenleriň maşgala terbiýesiniň anyk ýörelgeleri hem-de halk terbiýeçiliginiň asyrlaryň dowamynda emele gelen özboluşly däpleri nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Çagalara bolan asylly we mähirli gatnaşyklar bu gün jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. Bu bolsa, ýaş nesilleriň diňe bir sazlaşykly ösüşini üpjün etmän, eýsem, müňýyllyklaryň synagyndan geçen ahlak we maşgala gymmatlyklarymyzyň yzygiderli kämilleşmegine mümkinçilik berýär.
Milli kanunçylygymyzda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda binýatlyk halkara-hukuk resminamalarynyň, şol sanda “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, BMG-niň bu ugra degişli birnäçe möhüm konwensiýalaryna we teswirnamalaryna gol çekilmegi bolsa, biziň ýurdumyzyň dünýä bilen deň gadam urýandygyndan habar berýär.
Biziň ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada iň asylly işleriň biri hasaplanylýar. Çagalar hakynda döwlet derejesinde alnyp barylýan bu asylly işlere geljegiň ygtybarly maýa goýumy hökmünde baha berilýär.