Biziň ýurdumyzda ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi halkara resminamalarynda aýal-gyzlar babatynda bellenilen demokratik şertleriň doly berjaý edilişinde hem doly ýüze çykýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalaryň biri hasaplanylýan «Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasynyň», Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň adam ölçegleri boýunça konferensiýasynyň Kopengagende, Moskwada, Stambulda dürli ýyllarda geçirilen maslahatlarynyň resminamalarynyň mazmunyndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi elmydama üns merkezinde saklanylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda zenanlaryň hem-de erkekleriň arasyndaky deňhukuklylyk ýörelgeleriniň berjaý edilmegi demokratiýa, adalatlylyk kadalaryna esaslanýan jemgyýetçilik durmuşymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmaklary giň gerimde ýola goýulýar. Aýal-gyzlaryň döwleti dolandyrmakda ýolbaşçy wezipeleri eýelemekleri, ylaýta-da olaryň saýlaw çärelerinde işjeňlik görkezmekleri Türkmenistanda zenanlaryň hukuk kepillikleriniň üpjün edilýändigini, olara aýratyn hormat goýulýandygyny görkezýär. Türkmenleriň zenan mukaddesligine uly hormat goýmagy başarýan halkdygy Arkadag Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem aýratyn nygtalyp ýazylypdyr.
Kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesinde 2007-nji ýyldan bäri zenan maşgalanyň işleýändigine, şeýle hem beýleki ulgamlarda-da zenanlaryň ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerine ser salanyňda, demokratik ýörelgelere esaslanýan ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny goramaga ähli mümkinçilikleriň doly döredilendigine göz ýetirýärsiň.
Türkmenistanda zenanlaryň ýurtda geçirilýän dürli mazmunly syýasy işlere, şol sanda saýlawlara-da örän işjeň gatnaşýandyklaryna soňky ýyllarda geçirilen saýlawlaryň görkezijilerine ser salanyňda-da anyk göz ýetirýärsiň. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň 26,02 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 24,13 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 33,97 göteriminiň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 28,98 göteriminiň zenanlar bolmagy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça ses bermegiň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlarynyň 24,80 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň saýlanylan agzalarynyň 20,42 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň saýlanylan agzalarynyň 26,00 göteriminiň we Geňeşleriň saýlanylan agzalarynyň 22,05 göteriminiň zenanlar bolmagy biziň ýurdumyzda halkara resminamalarynda zenanlar babatynda bellenilen demokratik şertleriň doly üpjün edilýändigini görkezýär.
Şol saýlawlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we raýatlar toparlary hem-de bellige alnan dalaşgärler tarapyndan bellenilen, degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň hil düzümine ser salanyňda, olaryň jemi 4072-siniň 47,79 göteriminiň zenanlar bolup durýandygy-da biziň ýurdumyzda halkara derejesinde ykrar edilen resminamalaryň, şeýle-de beýleki demokratik ýörelgeleriň yzygiderli berjaý edilýändiginden habar berýär.
Saýlawlar boýunça dalaşgärleriň, milli synçylaryň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, degişli wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň degişli guramalarynyň özleri tarapyndan hem saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleriň hödürlenilmegi ýa-da milli synçylaryň bellenilmegi, saýlaw işlerinde gender deňligine örän uly ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek doly subut edýär.