2017-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzyň taryhy ýyl ýazgysynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadyr. Bu saýlawlar biziň çalt depginler bilen ösýän ýurdumyzyň millionlarça raýatlarynyň syýasy erkiniň gös-göni beýany bolup, demokratik ýörelgelere eýerýändigini aýdyňlygy bilen görkezer.
Häzirki saýlaw möwsüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna üç partiýa ýagny, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy gatnaşýar. Bu syýasy partiýalar öz dalaşgärlerini hödürlediler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, raýatlar toparlary tarapyndan hem Türkmenistanyň Prezidentligine 6 dalaşgär hödürlendi we Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Munuň özi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 17-nji maddasynda beýan edilen Türkmenistanda syýasy köpdürliligiň we köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi, döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýändigi baradaky kadalarynyň doly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, demokratik saýlawlar bütin jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medenýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, halk bilen häkimýetiň bitewüligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmäge ýardam berer. Saýlawçylaryň döwleti dolandyrmaga, saýlaw işlerine işjeň gatnaşmagy, hususan-da, döwlet häkimýetiniň ähli derejelerdäki edaralaryny kemala getirmekdäki işjeňligi döwletiň demokratik ýörelgelere daýanýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda beýan edilen şeýle kadalara aýratyn üns bermek möhümdir, ýagny: «– Türkmenistanyň özygtyýarlygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimýeti eýelemäge haky ýokdur.»
Şeýlelikde, saýlawly döwlet häkimýetiniň edaralaryny (wezipeli adamlary) halkyň saýlamagy, olaryň halkyň öňündäki jogapkärçiligi demokratiýanyň aýgytlaýjy düzüm birligi bolan möhüm hukuk serişdesidir. Raýatlaryň saýlawly döwlet häkimýet edaralarynyň döredilmegine gatnaşmagy her bir raýata özüni jemgyýetiň syýasy ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde duýmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, halk milli gymmatlyklar ulgamynyň daşynda jebisleşýär we milli gymmatlyklar aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar.
Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş, parahatçylyk, abadançylyk saklanýar. Munuň özi jemgyýetiň ýagdaýynyň möhüm görkezijisi bolup durýar we halkyň işjeňleşmegine ýardam berýär. Ilatyň durmuş işjeňligi jemgyýetiň ösüşini yzygiderli alyp barmak meseleleriniň netijeli çözülmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Her bir türkmenistanlynyň durmuşynda «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Döwlet adam üçindir», «Sagdynlyk we ruhubelentlik» ýaly ýörelgeler öz beýanyny tapýar.
Ýurduň Prezidentiniň halk tarapyndan gös-göni saýlanylmagy-munuň özi döwlet häkimýetini emele getirmegiň iň demokratik usuly bolup durýar. Garaşsyzlygyň çärýek asyr döwrüniň içinde Türkmenistanda döwleti dolandyrmagyň prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylmagy onuň netijelidigini tassyklady. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durnukly durmuş gymmatlyklar ulgamy, syýasy köpdürlilik kemala geldi. Bu şertlerde Türkmenistanyň raýatlarynyň watansöýüjilik ýörelgeleri milli mirasda, halkyň däp-dessurynda binýat boldy we konstitusion esaslarda öz beýanyny tapdy. Geçmişe ýüzlenmek bilen däplerimize, ýörelgelerimize täze öwüşgin berýändigimizi we olaryň özboluşlylygyny saklap, ähli halklaryň medenýetleriniň saklanmagyna ähmiýet berýändigimizi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Konstitusion ýörelgeler döwletliligiň esasynda gurnalan jemgyýetiň umumy demokratik, umumy ynsanperwer, syýasy-hukuk gymmatlyklary bolup durýar.
Köpçülikileýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň tejimehallary we olaryň maksatnamalaýyn çykyşlary guraldy we çap edildi. Raýatlara mynasyp görenlerine ses bermek hukugy berildi. Soňky on ýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň toplan tejribesi we durmuş-ykdysady ösüşde geçen ýoly saýlanyp alnan ugruň dogrydygyna we şu ýol bilen ösüşi dowam etmegiň zerurdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Saýlawlaryň barşynda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärleriň şahsy häsiýetlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle şahsy häsiýetleriň hatarynda ynsanperwerlik, jogapkärçilik, hoşniýetlilik, adalatlylyk, öz mertebesini duýmak we beýleki adamyň mertebesine hormat goýmak, sypaýylyk, durnuklylyk, aýgytlylyk, öňdengörüjilik, parasatlylyk, synçylyk we beýleki häsiýetler syýasy ýolbaşçy üçin möhüm bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, durmuş-ykdysady ösüşiň netijeli usulyny, saýlap almak üçin, dalaşgäriň ýolbaşçy wezipedäki tejribesi hem wajyp ähmiýete eýedir.
Umuman, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi, durnukly ykdysady ösüşli döwlet bolmak bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Döwletimiziň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýändigini hem ynam bilen aýtsa bolar. Jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamyny mynasyp bahalandyrmak bolsa, bize geljekki ösüşiň ýoluny dürs kesgitlemäge, kämillik ugruny saýlap almaga mümkinçilik berýär.
Ýagmyr Nuryýew,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet we hukuk institutynyň direktory,
hukuk ylymlarynyň doktory.