Halkara kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklary we azatlyklary bozulan halatynda, raýatyň milli kanunlarymyzda bellenilen tertipde kazyýete ýa-da saýlaw toparyna şikaýat etmäge, bozulan hukugyny dikeltmäge hukugy bardyr. Arza-şikaýatlary bermek hukugy saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hemmesi üçin üpjün edilýär. Milli kanunymyzda arza-şikaýatlary bermegiň we oňa seretmegiň tertibi hem-de möhletleri takyk kesgitlenilendir. Mundan başga-da, saýlaw hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy üçin, jogapkärçilik çekmegiň tertibi Konstitusiýamyzda, saýlawlar hakyndaky ýa-da beýleki degişli kanunçylyklarda kesgitlenilendir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň – Esasy Kanunynyň 25-nji maddasynda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigi hem-de kanunlar bilen kepillendirilýändigi kesgitlenilendir. Konstitusiýamyza laýyklykda, raýatlarymyzyň kazyýet goragy kepillendirilýär hem-de kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Bu demokratik kadalar bolsa, biziň raýatlarymyzyň kazyýet goraglylygynyň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Esasy Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de şikaýat etmegiň umumy düzgünleri kesgitlenilendir. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda bolsa, saýlawlar boýunça arza-şikaýatlary bermegiň hem-de oňa seretmegiň tertibi hem-de möhletleri jikme-jik beýan edilýär. Saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň raýatlaryň saýlaw hukugyny bozýan kararlaryna, hereketlerine, hereketsizligine ýokarda durýan saýlaw toparyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilinýär.
Hereketine şikaýat edilmegi diýlende, raýatlaryň saýlaw hukugyny, saýlaw kanunçylygynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny bozýan hereketlere nägilelik bildirilip edilýän şikaýatlara düşünilýär. Hereketsizligine şikaýat edilmegi diýlende bolsa, saýlaw kanunçylygynda kesgitlenilen çäreler boýunça degişli hereketleriň edilmeýändigine, ýagny hereketsizlige nägilelik bildirilip edilýän şikaýatlara düşünilýär.
Saýlawlar bilen bagly arzalar we şikaýatlar bir wagtda kazyýete hem-de saýlaw toparyna berlen halatynda, saýlaw topary şikaýata seretmegi kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girýänçä togtadýar, kazyýet degişli saýlaw toparyny gelip gowşan şikaýat barada habarly edýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň kazyýet goraglylygy kepillendirilýär. Mysal üçin:
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasynda degişli saýlaw toparynyň karary esasynda saýlaw toparynyň agzasynyň ygtyýarlyklary ýatyrylan halatynda, ygtyýarlyklary ýatyrmak baradaky karar boýunça kazyýete şikaýat edilip bilinýändigi;
25-nji maddasynda Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilip bilinýändigi;
43-nji maddasynda saýlawçylaryň sanawyndaky nätakyklyklar barada saýlawçynyň uçastok saýlaw toparyna şikaýat etmäge hukuklydygy, uçastok saýlaw toparynyň şunuň ýaly arza iki günden gijä goýman, saýlawlaryň öň ýanyndaky we saýlawlar güni bolsa haýal etmän seretmäge, zerur düzedişleri sanawa girizmäge ýa-da arzaça arzasynyň kanagatlandyrylmandygy baradaky delillendirilen kararyň nusgasyny bermäge borçludygy;
48-nji maddasynda dalaşgäriň özüni bellige almakdan ýüz dönderilendigi barada ýokarda durýan saýlaw toparyna ýa-da kazyýete üç gün möhletde şikaýat edip bilýändigi, şikaýata üç günden gijä goýulman seredilmelidigi;
56-njy maddasynda bellige almakdan ýüz dönderilende, sala salşygyň teklipçi toparynyň kazyýete şikaýat edip bilýändigi kesgitlenilýär.
Saýlaw kodeksiniň 68-nji maddasynyň bäşinji böleginiň düzgünleriniň bozulan halatlarynda, saýlaw toparlarynyň, saýlawçylaryň, teklipçi toparlarynyň, dalaşgärleriň, şeýle hem olaryň ynanylan adamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kazyýete şikaýat etmäge hukuklary bardyr.
75-nji maddasynyň ýedinji bölegi esasynda, uçastok saýlaw toparynyň ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamanyň ýanyna uçastok saýlaw toparynyň agzalarynyň bar bolan aýratyn pikirleriniň, ses bermegiň barşynda ýa-da sesler sanalanda ýol berlen düzgün bozulmalar hakynda uçastok saýlaw toparyna gelip gowşan arzalaryň we şikaýatlaryň goşulmagy;
Ýa-da bolmasa, Kodeksiň 76-njy maddasynyň altynjy bölegi esasynda, ses bermegiň netijeleri boýunça Saýlaw kodeksiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin, syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň degişli edarasy, dalaşgär tarapyndan saýlawlaryň yz ýanyndaky iki günden gijä galman şikaýat etmäge hukuklydygynyň beýan edilmegi, saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygynyň üpjün edilýändigini görkezýär. Saýlawlar boýunça şikaýat etmegiň we raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň düzgünleri Saýlaw kodeksimiziň XVII bölüminde beýan edilýär.
Kodeksiň şol bölüminiň 90-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň kararlaryna we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine (ýa-da hereketsizligine) şikaýat etmegiň;
91-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw işine beýleki gatnaşyjylaryň raýatlaryň saýlaw hukuklaryny bozýan kararlaryna we hereketlerine (hereketsizligine) kazyýete şikaýat etmegiň;
92-nji maddasyna laýyklykda bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň tertibi düzgünleşdirilýär.
Ýokarda durýan saýlaw toparyna şikaýat etmegiň yzygiderlilik tertibi saýlawlaryň görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanyp biler. Mysal üçin:
– uçastok saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça düzgün bozulmasyna ilki degişli okrug saýlaw toparyna;
– uçastok saýlaw toparynyň welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça düzgün bozulmasyna ilki degişli etrap, şäher saýlaw toparyna;
– uçastok saýlaw toparynyň Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça düzgün bozulmasyna ilki degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň we geňeşligiň saýlaw toparyna şikaýat edilip bilner.
Emma munuň özi, derejesi boýunça uçastok saýlaw toparyndan soň gelýän ilkinji ýokarda durýan saýlaw toparyndan üstaşyr, ýagny onuň ýokarsyndaky saýlaw toparyna göni şikaýat edilmegini gadagan etmeýär.
Mysal üçin, uçastok saýlaw toparynyň Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça düzgün bozulmasyna göni degişli etrap, şäher saýlaw toparyna hem şikaýat edilip bilner. Ýöne, şikaýat derejesi boýunça degişli saýlaw toparyndan soň gelýän ilkinji ýokarda durýan saýlaw toparyna berilse, şikaýat etmegiň yzygiderlilik tertibi berjaý edilýär.
Saýlaw möwsümi boýunça şikaýatlara olaryň gelip-gowşan gününden başlap seretmegiň dürli möhletleri kesgitlenilendir:
Mysal üçin:
– saýlawçylaryň sanawy bilen bagly şikaýatlara iki günden gijä galman;
– beýleki düzgün bozulmalar baradaky şikaýatlara üç günden gijä galman;
– eger-de şikaýatlardaky maglumatlar goşmaça barlaglary talap edýän bolsa, bäş gün möhletden gijä goýman;
– saýlawlaryň öň ýanyndaky we saýlawlar güni bolsa haýal edilmän seredilýär.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw möwsüminiň käbir tapgyrlary boýunça arzalary we şikaýatlary bermegiň hem möhletleri bellenilendir. Mysal üçin:
– ses berlişiniň jemlerine ses berlişiň jemleri jemlenilenden soň, üç günüň dowamynda şikaýat edilip;
– saýlawlaryň netijelerine saýlawlaryň netijeleri kesgitlenenden soň, üç günüň dowamynda şikaýat edilip;
– şeýle-de, saýlaw möwsüminiň degişli tapgyrynyň düzgün bozulmasy hakynda şikaýat syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň degişli edarasy, dalaşgär tarapyndan saýlawlaryň yz ýanyndaky iki günden gijä galynman berlip bilner.
Saýlawlar bilen bagly käbir şikaýatyň ilki saýlaw toparyna berlip, ondan soň kazyýete berilmegi hökmany şert däldir. Bu tertip şikaýatçynyň öz islegine görä amala aşyrylyp bilner.
Şeýle-de, käbir saýlaw toparlary diňe bir saýlawlar boýunça hereket edýär. Mysal üçin, okrug saýlaw topary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça hereket edýär, geňeşligiň saýlaw topary bolsa Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça hereket edýär.
Diýmek, geňeşligiň saýlaw toparynyň düzgün bozulmasy üçin okrug saýlaw toparyna şikaýat edilip bilinmez. Ýa-da okrug saýlaw topary Merkezi saýlaw topary tarapyndan döredilýär, şonuň üçin okrug saýlaw toparynyň düzgün bozulmasy üçin welaýat, etrap saýlaw toparyna şikaýat edilip bilinmez, Merkezi saýlaw toparyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. Şonuň üçin, şikaýatlar berlende saýlawlaryň degişliligine we saýlaw toparlarynyň dörediliş tertibine üns berilmelidir.
Saýlawlar bilen bagly bolmadyk ýa-da saýlaw toparlarynyň ygtyýarlygyna girmeýän meseleler bilen bagly arza-şikaýatlar gelip gowşan halatynda, şol mesele boýunça degişli edaralara ýüz tutulmalydygy hakynda şikaýatça hat üsti bilen habar berilýär.
Şikaýat boýunça saýlaw toparynyň kabul edilen kararynyň ýa-da şikaýat boýunça kazyýetiň kabul eden çözgüdiniň şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýändigi bolsa, bu çäreleriň demokratik şertlerini üpjün edýär.
Şu ýerde saýlaw toparlarynyň, saýlaw uçastoklarynyň ählisinde «Arza-şikaýatlar» depderçesiniň ulanylýandygyny hem bellemek bolar.
Bu aýdylyp geçilen ulgamlaýyn çäreler ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik kadalar esasynda geçirilýändiginiň, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna, demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.