Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň, ýagny şäher içindäki özboluşly şäheriň – «Aşgabat - sitiniň» milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan ajaýyp taslamalary diňe bir türkmenistanlylary däl, eýsem sebitiň halklaryny-da haýrana goýdy. Bu taslama hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýurdumyza giň möçberli şäher gurluşygyna ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulýandygynyň ýene bir tassyknamasy boldy.
Ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemlejek «Aşgabat--siti» üçin 744 gektara barabar meýdan bölünip berilýär.Täze peýda boljak bu şäherde 200-den gowrak bina, has takygy, dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Bu ýerde etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň hem 4-siniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary şäheriň ilatyna hyzmat eder.
Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si bolar. Daşky keşbi boýunça jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Bu täze şäheriň merkezinde «Ak öý» binasy hem gurlar. Ak öý türkmen halkynyň aňynda öçmejek ojak — dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Milli Liderimiziň teklibi boýunça hut şu bina şäheriň özboluşly ýüregine öwrüler.
Şunuň bilen baglylykda, binalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýasyna aýratyn ähmiýet berler.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň täze döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.
«Aşgabat - sitiniň» taslamalary diýmek milli Liderimiziň ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini dünýä derejesine götermek ugrunda edýän tagallalarynyň ajaýyp miwesi diýmekdir. Bu taslama türkmen döwletiniň syýasy, ykdysady, ruhy-medeni rowaçlygynyň özboluşly ýüze çykmasynyň täsin nyşanydyr.
Milli Liderimiziň «Aşgabat - sitisiniň» taslamalarynyň türkmen halky tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanylmagy, makul-tassyk görülmegi Bitarap Türkmenistan döwletiniň giň gerim bilen ýaýbaňlanýan rowaçlygynyň nyşanydyr.