2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi, ýagny ikinji umumymilli forum geçiriler. Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi barada gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:
—Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary we Geňeşler wekilçilikli edaralar bolup durýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen bolsa, şol wekilçilikli edaralaryň sany ýene-de köpeldi. Şonuň netijesinde hem halkyň erkin pikiri, erk-islegi esasynda döwleti dolandyrmaga gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi giňeldildi.
Munuň özi Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasynda bellenilen «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlen şertleriň berjaý edilýändigini görkezýär.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bu wekilçilikli edaranyň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadydyr.
Konstitusion kanunyň 10-njy maddasy esasynda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary bellenilendir. Şol ygtyýarlyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we makullamak; Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmelerini diňlemek; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly ugurlaryň bolmagy döwlet dolandyryşynyň milli demokratik häsiýetidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleriniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň, raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, olary kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak häsiýetlerine eýe bolmagy, şonuň netijesinde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegi halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň aýratyn bellenilip geçilmäge mynasyp bolan demokratik aýratynlygydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Halk Maslahatynyň ikinji mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek meselesine ünsi çekmeginiň we bu mesele boýunça degişli tabşyryklary yzygiderli berip durmagynyň özi öňümizdäki umumymilli forumyň ýurdumyzyň syýasy durmuşynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny äşgär edýär.
Wekil saýlamaga dalaşgärleri hödürlemek etraplaryň we şäherleriň halk malahatlarynyň mejlislerinde açyk ses bermek arkaly bäsleşik esasynda geçirilýär. Şunda etraplaryň, şäherleriň düzümine girýän degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň ilatynyň wekilçiligi üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine goşuljak şol wekiller bäsleşik esasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Ses bermegiň netijelerine laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girjek jemgyýetçiligiň wekilleri kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Konstitusion kanunda bellenilen we saýlaw geçirilmezden girýän ygtyýarly wekiller bilen bir hatarda welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly jemgyýetçilik köpçüliginiň arasyndan saýlanylýan agzalarynyň hem girmegi, ýurdumyzda syýasy köpdürlüligiň dabaralanýandygyny äşgär edýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda bolup geçýän beýik ösüşleriň amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi we oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly we beýleki çözgütler kabul edilip, bu çözgütler gysga wagtyň içinde özüniň oňyn netijelerini berdi.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň has-da demokratiýalaşmagyna, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň ösüşiniň döwrebap derejede we halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine ýakyndan ýardam berip, öz agzybir, merdana, zähmetsöýer halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.
— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Gürrüňdeşligi ýazga geçiren A. AKMYRADOW.