TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

Mukaddes Garaşsyzlyk — müňýyllyklara uzaýan röwşen ýol!

27-nji sentýabrda ata Watanymyzda döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Bu baýram halkymyzyň baş baýramydyr. Çünki, ol ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde ykrar etdi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamy açdy. Hut şonuň üçin hem bu baýram her ýyl uly zähmet üstünliklerine beslenip, dabaraly bellenilýär.

Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bu oňyn özgertmeler ýurdumyzda giň möçberli möhüm wezipeleri çözmäge, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny ýokary derejede ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmäge ukyply köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär.

Şanly Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň täze nusgasy döredildi. Bu nusga ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösüşinde belent üstünliklere ýetirdi. Häzirki wagtda Garaşsyz Diýarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde dostlukly daşary gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnawlary ulgamynda baglanyşdyryjy merkez bolan ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen ýola goýlan söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap görnüşde rowaçlanmagydyr. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini hem-de giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Bu beýik dabaraly günde hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!