Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlar milli demokratik ýörelgelere, şeýle hem häzirki zaman halkara kadalaryna laýyk derejede geçirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, döwletiň her bir raýatynyň öňünde jogapkärdigi we onuň hukuklaryny goraýandygy şertlendirilendir. Diýmek, saýlawlar hem biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olaryň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäredir. Raýatlaryň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bolsa, saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligidir. Asla saýlaw möwsüminiň özi giden bir kanunçylyk düzgünlerinden ybaratdyr. Kanunçylygyň düzgünlerini berjaý etmek bolsa uly jogapkärçilikdir.
Saýlaw möwsümi, munuň özi kanunçylykda bellenilen tertipde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak möhletidir.
Saýlawlar Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.
Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.
Halk häkimiýetlilik ýörelgelerini üpjün etmek çäreleriniň çäklerinde, ýurdumyzda kanunçylyk esasynda ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek mümkinçiligi hem şertlendirilendir.
Ählihalk sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir.
Ýerli sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy degişli Geňeşe degişlidir.
Ählihalk sala salşygyny geçirmegiň senesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýerli sala salşygy geçirmegiň senesi degişli Geňeş tarapyndan bellenilýär.
Saýlawlary we sala salşygy bellemek hakyndaky karar kabul edilen gününden beýläk bäş günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar (mundan beýläk - Merkezi saýlaw topary) saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda saýlawlar ýa-da ählihalk sala salşyk gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda yglan edýär. Bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
Soňra Merkezi saýlaw topary öz mejlisini geçirip, geçiriljek saýlawlaryň meýilnamasyny tassyklaýar. Meýilnamada geçiriljek saýlawlar boýunça ilki bilen çykdajylaryň sanawyny düzmek, saýlawlara gerek bolan maddy gymmatlyklaryň paýlanyş tertibini düzmek we paýlamak, saýlaw resminamalarynyň nusgalaryny taýýarlamak, saýlawlar boýunça mahabatlandyryş (düşündiriş) wideroliklerini taýýarlamak, milli synçylary bellemek we olaryň sanawyny düzmek, daşary ýurt (halkara) synçylaryny çagyrmak we bellige almak, okrug we etrap, şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek, saýlaw uçastoklaryny döretmek, olaryň merkezlerini we araçäklerini kesgitlemek, saýlaw uçastoklary boýunça saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek, geçirilýän saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramak, saýlaw býulletenlerini taýýarlamak we uçastok saýlaw toparlaryny üpjün etmek, saýlawlar boýunça ses bermegi geçirmek ýaly we başga-da birnäçe guramaçylyk işleri kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän her bir saýlawlarda, saýlaw möwsümi dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek işleri aýanlykda we açyklykda, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar. Umuman aýdanymyzda, bellenilip geçilen ulgamlaýyn çäreleri, şertleri, raýatlaryň öz saýlaw hukuklaryny kanunçylyga laýyklykda peýdalanmaklaryny üpjün etmek bolsa, saýlaw toparlarynyň jogapkärçiligine düşýär.
Saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligi barada aýdylanda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 92-nji maddasynda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň düzgünleriniň hem kesgitlenilendigini bellemek bolar.
Saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligi diýip, saýlaw möwsüminiň yglan edilen gününden başlap, tä saýlawlaryň netijelerini resmi taýdan yglan edilýänçä, saýlawlara taýýarlyk işleriniň, ses berilişiniň, sesleriň sanalyşynyň we beýleki ähli çäreleriň kanunalaýyk ýerine ýetirilmegine bolan jogapkärçilige düşünilýär.
Saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, wezipeli adamlaryň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we beýleki saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň saýlaw hukuklaryndan kanuna laýyk peýdalanmaklary, şonuň ýaly-da, öz wezipe borçlaryny kanunçylykda bellenilen düzgünlere we möhletlere laýyklykda amala aşyrmaklary saýlaw möwsüminde öňde duran örän wajyp wezipedir we uly jogapkärçilikdir.
Saýlaw toparlarynyň işine döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň, şeýle hem wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň gatyşmagyna ýol berilmeýär.
Saýlaw kodeksiniň 17-nji maddasynda saýlaw toparlarynyň ulgamy barada, giňişleýin beýan edilýär. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi şu aşakdaky saýlaw toparlary guraýarlar:
1) Merkezi saýlaw topary;
2) welaýatlaryň saýlaw toparlary;
3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlary (mundan beýläk – etrap, şäher saýlaw toparlary);
4) okrug saýlaw toparlary;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
6) uçastok saýlaw toparlary.
Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam bereris. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky ornuny has-da ýokarlandyrarys. Täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur işleri geçireris» diýip belläp geçdi.
Milli Liderimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, saýlawlary mundan beýläkde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir hem-de jogapkärçilikdir. Asla, indi dört derejeli saýlawlaryň – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň birlikde, ýagny mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi saýlaw toparlaryndan uly jogapkärçiligi talap edýär. Bu babatda saýlaw toparlarynyň oňyn tejribeleri toplandyklaryny hem aýratyn bellemek gerek.
Sebäbi diýeniňde, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda taryhda ilkinji gezek dört derejeli saýlawlar bir günde geçirildi we bu saýlawlara bolsa hormatly Prezidentimiz, halkara we milli synçylar, syýasy partiýalarymyz, jemgyýetçilik guramalarymyz ýokary baha berdiler.
Ýurdumyzda bolýan dürli görnüşli saýlawlarda ony guraýjylaryň öz jogapkärçiliklerini duýup, raýatlarymyzyň saýlaw hukuklarynyň talabalaýyk üpjün edilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgelere esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki, her bir raýatyň erkin we meýletin berýän sesi ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir.
Berdimyrat Garýagdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.