Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da çuň demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli jemgyýetçilik – syýasy çäreleriň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylýandygy doly subut edýär.
Raýatlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Olaryň saýlawlara işjeň gatnaşmaklary üçin zerur bolan kanuny mümkinçilikler, oňyn şertler döredilýär.
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýurdumyzyň çäklerinde saýlaw okruglary döredilýär.
Saýlaw okruglaryny döretmek nähili amala aşyrylýar?
Saýlaw okrugy – bu saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek üçin bölünen çäkdir. Gysgaça aýdylanda, saýlaw okrugy – özünden saýlawly wekiller saýlanýan çäk birligidir. Saýlaw okrugy diýip, saýlawlary geçirmek üçin çäkleriň böleklere bölünmesine hem düşünilýär.
Saýlaw okruglaryny döretmek saýlaw işlerini ýaýbaňlandyrmak (okrug saýlaw toparyny döretmek; okrug boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak) üçin zerur şert bolup durýar.
Saýlawlar geçirilende çäkler boýunça döredilen saýlaw okruglary, ulanylýan saýlaw ulgamyna görä, tapawutly häsiýetde bolup biler. Mysal üçin, saýlaw okruglarynyň iki görnüşi, ýagny bir mandatly we köp mandatly saýlaw okruglary bardyr.
Mandat – degişli çäkde (saýlaw okrugynyň çäginde) saýlanylmaly wekiliň sanyny görkezýän düşünjedir.
Has takygy, bir saýlaw okrugyndan bir deputat ýa-da bir agza saýlanylsa, oňa bir mandatly saýlaw okrugy diýilýär.
Eger-de, bir saýlaw okrugy boýunça birnäçe deputat ýa-da birnäçe agza saýlanylsa, onda oňa köp mandatly saýlaw okrugy diýilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 38-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda tutuş Türkmenistanyň çägi bir saýlaw okrugydyr.
Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybaratdry. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda, Türkmenistanda saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan 125 saýlaw okrugy;
Welaýat Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, degişli çäkde 40 saýlaw okrugy;
Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda hem degişli çäkde 20 saýlaw okrugy döredilýär.
Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär. Şunda 1000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 5-6, 1001-den 2000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 7-8, 2001-den 4000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 9-11, 4000-den köp saýlawçy bolan çäkde bolsa 12-15 saýlaw okrugy döredilýär. Saýlaw okruglarynyň sany bellenilen möçberleriň çäginde degişli Geňeş tarapyndan kesgitlenilýär.
Saýlaw okruglary saýlawçylaryň sanyna görä nähili bölünýär?
Mysal üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda ýurt boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň jemi sany 125-e bölünýär we her saýlaw okrugyna düşýän saýlawçylaryň takmynan sany kesgitlenilýär. Her saýlaw okrugyna düşýän saýlawçylaryň takmynan sanyna görä-de, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäkleri saýlaw okruglaryna bölünýär.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň çäginde takmynan deň saýlawçy sany bilen 125 sany, şol sanda: Aşgabat şäherinde 16, Ahal welaýatynda 15, Balkan welaýatynda 10, Daşoguz welaýatynda 27, Lebap welaýatynda 28, Mary welaýatynda 29 sany saýlaw okruglary döredildi.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik, deňlik ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 38-nji maddasynyň 5-nji böleginde «Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir» diýlen şertler kesgitlenilendir.
Bu şertler bolsa ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda doly derejede berjaý edilýär.
Saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlaw okruglarynyň atlary hem bellenilýär.
Şu ýerde degişli saýlaw toparlarynyň öz mejlislerini geçirip, saýlawlar boýunça saýlaw okruglaryny döretmek hakynda karar kabul edýändigini we saýlaw okruglarynyň araçäkleri görkezilen sanawyň şol karara çatylýandygyny hem bellemek bolar.
Saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde, döredilen saýlaw okruglarynyň araçäkleri görkezilen sanaw ilatyň dykgatyna ýetirilýär. Munuň öz saýlawçylaryň hukuk kepillikleriniň çäklerinde olaryň habar kepillikleriniň hem kanunalaýyk üpjün edilýändigini görkezýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçirilýän demokratik saýlawlaryň asyl maksady raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.