Saýlawlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde hem saýlaw hukugy raýatlaryň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biridir.
Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň durmuşynda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary özüniň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhy jähetden bu wajyplygy şeýle düşündirip bolar. Türkmenleriň taryhy durmuşyndaky geňeşlerde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde çopanyňam, kethudanyňam ses bermek hukugy bolupdyr. Adalatlylyk, açyklyk, deňlik wezipeli adamlary saýlamaklygyň esasy ugry saýylypdyr we bu esaslar doly derejede ýerine ýetirilipdir.
Türkmenistanyň taryhynda saýlawlaryň halkyň erk-ygtyýaryna eýermek kadalary durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Taryhda döwlete dahylly we beýleki meseleler bilen baglanyşykly maslahatlarda halkyň erk-islegi saýlawyň netijesinde çözülipdir. Eger bir mesele çözülmän galaýanda-da, ol açyk häsiýetde galdyrylypdyr. Bellenen möhletde şol mesele çözülmese, soň halkyň açyk ses bermegi bilen çözülipdir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz günsaýyn gülläp ösýär. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ähli ugurlarda asyrlara barabar netijeli uly işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde ýurt Baştutanymyzyň saýlaw ulgamyna içgin üns berip, Merkezi saýlaw toparynyň işine ýakyndan ýardam etmegi bilen, ýurdumyzda saýlawlar milli demokratiýamyz esasynda we halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär hem-de saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda: “Türkmenistanyň raýatlarynyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny tertipleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli, geljekde bolsa Saýlaw kodeksini işläp taýýarlamaly we kabul etmeli” diýip beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi taýýarlanyldy we kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek işleriniň çäklerinde, halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň kabul edilmegi ýurdumyzda saýlawlaryň halkara derejesinde we guramaçylykly geçirilmegine uly ýardam berýär.
Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.
Saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak işleriniň çäklerinde, ýurdumyzda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli we döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini, ýagny oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek babatynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär hem-de ýurdumyzda saýlawlaryň has-da guramaçylykly, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegine ýardam berýär.
Türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, ýurdumyzda saýlawlar saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda we bäsleşik esasynda geçirilýär.
Saýlawlar – munuň özi ses bermek arkaly dalaşgärleriň haýsy-da bolsa biriniň saýlanylmagyna gönükdirilen çäredir. Saýlawlar raýatlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny aňladýan düşünjedir.
Raýatlar demokratik saýlawlar arkaly jemgyýeti we döwleti dolandyrmaga gatnaşýarlar. Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni gatnaşmagy diýlende, kanunlaryň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, sala salşyklara gatnaşmagyna, saýlawly wezipelere saýlanmagyna düşünilýär.
Erkin saýlanylan wekilleriň üsti bilen jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmak diýlende bolsa, raýatlaryň jemgyýeti we döwleti dolandyrmakda syýasy kararlary, kanunlary kabul etmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak işine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin öz wekillerini saýlamaklygyna düşünilýär.
Umumy manyda aýdylanda, saýlawlar – bu ses bermeklik arkaly häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna wekilleri, wezipeli adamlary, guramalaryň ýolbaşçylaryny saýlamakdyr.
Saýlawlar demokratik döwletiň aýrylmaz alamatydyr.
Demokratik saýlawlar bäş esasy ýörelgäni özünde jemleýän ählumumy, deň, göni, gizlin we erkin ses bermek arkaly geçirilýän saýlawlardyr.
Biziň köpmilletli Türkmenistan döwletimizde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, Aşgabat şäher we etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda gender deňligine hem aýratyn üns berilýär. Has takygy, saýlaw toparlarynyň, milli synçylaryň, dalaşgärleriň we saýlanylan deputatlaryň, agzalaryň arasynda zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy ýurdumyzda saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleriniň doly berjaý edilýändigini we zenanlarymyzyň syýasy işjeňligini görkezýär.
Häzirki zaman dünýäsinde saýlawlaryň we sala salşyklaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Saýlawlara ýerli derejede syn etmeklik saýlawlaryň milli kanunçylyklara, halkara kadalaryna laýyklykda we aýanlykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, synçylar tarapyndan saýlawlaryň geçirilişine syn etmeklik işleri käbir kanunçylyk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, haýsydyr bir saýlawlarda ýol berlen käbir düzgün bozulmalaryň indiki saýlawlarda gaýtalanmazlygy we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlaryň adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine bolan ynamyny artdyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Demokratik saýlawlar her bir döwletiň syýasy durmuşynda esasy orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde döwletiň ösüşiniň geljekki ugurlaryny, syýasy we döwlet gurluşyny, raýat jemgyýetiniň hukuklaryny kesgitleýär. Erkin saýlawlar döwlet häkimiýetini kanunlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň demokratik usullarynyň biridir. Bu möhüm ugurlary üstünlikli amala aşyrmakda saýlaw kanunçylygynyň kämil bolmagy, saýlawlary guramagyň we olary geçirmegiň demokratik tejribeleri, şeýle-de olaryň saýlaw işlerine gatnaşyjylar hem-de halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilmegi wajyp meseledir.
Garaşsyz döwletimizde geçirilýän saýlawlara halkara synçylarynyň çagyrylmagy saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Demokratik saýlawlara halkara derejesinde syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şu nukdaýnazardan, dünýäde hoşniýetli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýän hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän Prezident we Parlament saýlawlaryna daşary ýurt (halkara) synçylaryny çagyrmaklyk özboluşly syýasy ähmiýete eýe boldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, online düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezilýär.
Munuň özi, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk şertleriniň has ýaýbaňlanýandygyny görkezmek bilen, ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlara diňe bir türkmen jemgyýetçiliginiň däl-de, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiliginiň syn etmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda abraýly halkara guramalary – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylar toparynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylar toparynyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň açyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýratyn nygtadylar. Munuň özi saýlawlaryň kanuna laýyklykda, umumy ykrar edilen demokratik esaslarda we ýokary guramaçylykly geçirilendigini, saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini doly äşgär edýär.
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Biz dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiziň bu parasatly teklibiniň demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine, yzygiderli we aýgytly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutmak bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de artdyrmagy, agzybir we parahatçylyk söýüji, dörediji halkymyzyň mertebesini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini aýratyn bellemek gerek.
Demokratik döwletde saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berýän hem-de Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen erkinlikde, asudalykda, ösüşleriň şuglaly belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys hem-de milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris!
Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.