TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARDA WAGYZ IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-parasat bilen belläp geçişi ýaly, «Türkmenistanyň saýlaw ulgamy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýar».

Arkadag Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzda  geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä  öwrüldi. Saýlawlar raýat- laryň öz erk-isleglerini erkin we meýletin amala aşyrmaklarynyň hem-de milli demokratiýanyň özboluşly ýüze çykmasy bolup durýar. 

Saýlawlar barada aýdylanda, saýlaw möwsüminiň dowamynda geçirilýän wagyz işleriniň wajyp ähmiýete eýedigini belläp geçmek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar  geçirilende syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlara, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy ugrunda geçirilýän wagyz işleri islendik saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar.

Aslynda, wagyz işleri näme? Wagyz işleri saýlaw möwsüminiň dowamynda, kanunçylykda bellenilen tertipde saýlawlarda dalaşgäriň tarapyna ses bermeklige çagyrmak we onuň saýlanmagy ugrunda geçirilýän çärelerdir. Türkmenistanda saýlaw möwsümi dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk, açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.

Saýlaw möwsümi döwründe amala aşyrylýan şu işler wagyz işleri hökmünde ykrar edilýär:

– ol ýa-da beýleki dalaşgäre ses bermäge çagyryşlar;

– dalaşgäri saýlamagyň mümkin bolan netijelerini beýan etmek;

– dalaşgärleriň haýsydyr biri barada hakyky maglumatly habarlary ýaýratmak.

Şeýle-de kanun esasynda dalaşgärleriň, teklipçi toparlaryň deň derejede köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanyp bilmegi kepillendirilýär.

Saýlawlar geçirilende wagyz işlerine gatnaşmaga, şol sanda islendik wagyz maglumatlaryny çykarmaga saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, synçylaryň, kazylaryň, haýyr-sahawat guramalarynyň, dini guramalaryň agzalarynyň we wekilleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hukugy ýokdur, bu görkezilen şahslaryň dalaşgärler, şeýle hem dalaşgärleriň ynanylan adamlary hökmünde bellige alnan halatlary muňa girmeýär. Şeýle-de, wagyz işlerine on sekiz ýaşyna ýetmedik raýatlaryň, daşary ýurt raýatlarynyň, daşary ýurt döwletleriniň we guramalarynyň, halkara guramalarynyň we halkara jemgyýetçilik hereketleriniň gatnaşmaklaryna ýol berilmeýär.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullugynda durýan şahslaryň özleriniň wezipe ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän halatlarynda wagyz işlerini geçirmäge, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň serişdelerini wagyz işlerini geçirmek üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.

Saýlawlar geçirilende wagyz işleriniň şu giňden ýaýran  görnüşleri ulanylýar:

Wagyz işleri barada raýatlary habarly etmek.

Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň raýatlarynyň, dalaşgärleriň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň kanun tarapyndan gadagan edilmedik görnüşlerde we usullarda saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga ündeýän wagyz işlerini geçirmäge, dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny, olaryň syýasy, iş başarjaňlyk, şahsy sypatlaryny öz mejlislerinde, ýygnaklarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin we hemme taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuklary bardyr.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilýän ýa-da beýleki usullar bilen ýaýradylýan habarlaryň, maglumatlaryň mazmuny dogruçyl, hakyky bolmalydyr, dalaşgärleriň deňligini bozmaly däldir, olarda haýsydyr bir dalaşgär ileri tutulmaly däldir.

Saýlawlaryň maglumat üpjünçiligi saýlawçylary habarly etmegi we wagyz işlerini öz içine alýar.

Saýlawçylary habarly etmegi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, köpçülik­leýin habar beriş serişdeleri, ýuridik we fiziki şahslar amala aşyrýarlar.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri saýlaw möwsüminiň dowamynda saýlawlar bilen baglanyşykly işleriň aýanlygyna we raýatlaryň giňden habarly edilmegine, saýlawçylaryň öz erkini düşünjeli beýan etmegine, Türkmenistanyň Prezidentligine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna mynasyp dalaşgäre ses bermeklige işjeň gatnaşmaklyga gönükdirilip amala aşyrylýan hereketdir. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri şu görnüşlerde amala aşyrylýar:

– Syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň Türkmenistanyň Prezidentligine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň  agzalygyna hödürlän dalaşgärleri baradaky habarlary we olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny ýaýratmak; 

– Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidentligine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň  agzalygyna dalaşgärler barada şekilli görnüşleri  ýerleşdirmek;

– Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda telewideniýäniň, umumy ulanylýan telekommunikasion habar­laryň (dünýä habarlaryny öz içine alýan internet ulgamy arkaly) üsti bilen;

– Çap önümlerini, wagyz maglumatlaryny (listowkalary, ündewsuratlary we beýlekileri) çykarmak we ýaýratmak;

– Köpçülikleýin çäreleri (saýlawçylar bilen ýygnaklary we duşuşyklary, açyk çekişmeleri, ara alyp maslahatlaşmalary) geçirmek;

– Dalaşgärleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz işlerini geçirmegiň görnüşini we häsiýetini özbaşdak kesgitlemäge hukuklary bardyr. 

– Türkmenistanyň Prezidentligine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, Türkmenistanyň raýatlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary kanun tarapyndan gadagan edilmedik beýleki usullary we görnüşleri ulanmak arkaly wagyz işlerini geçirip bilerler.

Saýlaw toparlarynyň jaýlaryndan daşarda ýerleşdirilen wagyz metbugat maglumatlary (listowkalar, ündewsuratlar we beýlekiler) ses berilýän güni öňki ýerlerinde saklanylyp galdyrylýar.

Teleradio ýaýlymlarynda wagyz işlerini geçirmek.

Dalaşgärleriň döwlet teleradio ýaýlymlarynda tölegsiz tertipde efir wagtynyň berilmegine hukuklary bardyr. Efir wagty sagat 19-dan 23-e çenli aralykda berilmelidir. Resmi habarlaryň, gepleşikleriň wagty muňa girmeýär.

Tölegsiz tertipde bölünip berilýän efir wagtynyň her günki möçberi bir sagatdan az bolmaly däldir. Görkezilen tölegsiz tertipdäki efir wagty dalaşgärleriň arasynda deň şertlerde paýlanylmalydyr. Dalaşgäriň özüne berlen tölegsiz tertipdäki efir wagtyny beýleki dalaşgärleriň tarapyna wagyz işlerini geçirmek üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.

Dalaşgärleriň çykyşlaryny bölmek ýa-da olaryň çykyşyny haýsydyr bir teswirlemeler bilen ugrukdyrmak gadagandyr.

Teleradio ýaýlymlarynda wagyz işleriniň geçirilişiniň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp bellenilýär.

Döwürleýin metbugat serişdelerinde wagyz işleriniň geçirilişi.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan resmi habarlary we maglumatlary, kadalaşdyryjy hukuk we beýleki namalary çap etmek üçin döredilen döwürleýin metbugat neşirlerinden beýleki neşirler dalaşgärler tarapyndan hödürlenilýän maglu­matlar üçin deň şertlerde tölegsiz tertipdäki çap meýdanyny bölüp bermelidir.

Dalaşgärlere çap meýdançasyny beren döwürleýin metbugat neşirleri beýleki dalaşgärler üçin hem şol bir şertlerdäki çap meýdanyny bermäge borçludyrlar.

Dalaşgärleriň at­abraýyna, mertebesine ýa­da iş başarjaňlyk ukybyna görnetin ýalan maglumatlara esaslanýan we şek ýetirýän habarlaryň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

Şeýle maglumatlaryň çap edilmegine ýol beren köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dalaşgäriň talap etmegi boýunça hakykata laýyk gelmeýän ýa­da ony ýoýýan makalany ýa­da çykyşy ýalana çykarýan çykyşy bermelidir ýa­da oňa düşündiriş bermelidir. Ýalana çykarma ýa­da düşündiriş berme döwürleýin neşirlerde – indiki sanda ýörite rubrikada ýa­da habaryň çap edilen sahypasynda edil şonuň ýaly harplarda çap edilýär, telewideniýede ýa­da radioda berlen çykyşlara ýalana çykarmalar ýa­da düşündirişler bolsa ýalana çykarmagyň ýa­da düşündiriş bermegiň gelip gowşan gününden soň indiki sanynda berilmelidir.  

Ýurdumyzda demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlarda wagyz işleri bilen baglanşykly geçirilýän çäreler baradaky habary köpçülik­leýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli ilatyň dykgatyna ýetirmekde oňat tejribe toplandy. Muňa mysal edip aýdanymyzda, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary  tarapyndan dalaşgärleriň  jemi 9-sy hödürlenildi we bellige alyndy. Şol  dalaşgärler kanuna laýyklykda, tölegsiz berlen efir wagtlaryndan peýdalanyp, teleýaýlymlarda öz maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Soňra saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup, saýlawçylar bilen duşuşyp, maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Dalaşgärler  welaýatlarda we Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşanlaryndan soň, kanuna laýyklykda, goşmaça berlen efir wagtyndan peýdalanyp, telewideniýede 2-nji gezek maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Wagyz işlerini geçirmäge dalaşgärleriň ynanylan adamlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary we raýatlaryň teklipçi toparlary işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň köp dalaşgäriň hödürlenendigi bilen ozalky saýlawlardan tapawutlanandygyny bellemek isleýäris. Şol saýlawlarda  dalaşgärleriň 16558-si, şolardan 10350-si syýasy partiýalar tarapyndan, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 6208 dalaşgär hödürlenip bellige alyndy. Bu saýlawlarda dalaşgärleriň sanynyň köplügine garamazdan, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler kanuna laýyklykda, tölegsiz berlen efir wagtlaryndan peýdalanyp, teleýaýlymlarda öz maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Soňra  öz okruglarynyň çäklerinde ýaşaýan saýlawçylar bilen hem birnäçe gezek duşuşdylar.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler hem maksatnamalary bilen öz okruglarynyň çäklerinde ýaşaýan saýlawçylar bilen birnäçe gezek duşuşdylar.  Bu  duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, güni, wagty baradaky habarlar öz wagtynda köpçülik­leýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata ýetirilip duruldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi esasynda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik binýatlarynyň, milli däplere daýanýan hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň barha kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.