Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňden görüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň ulgamyny giňişleýin öwrenmek, olar barada saýlaw hukukly raýatlaryň arasynda, saýlaw toparlarynyň arasynda düşündirişler geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, saýlaw ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak meselesi bolsa hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgelere laýyklykda üpjün edilýär.
Ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda üpjün edilmegini gazanmakda saýlaw toparlarynyň hem ähmiýeti uludyr.
Şunuň bilen baglylykda, saýlaw toparlarynyň ulgamy barada giňişleýin düşünje bermegi makul bildik.
Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýan saýlaw toparlary – saýlaw toparlarynyň ulgamyny emele getirýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi şu aşakdaky saýlaw toparlary guraýarlar:
– Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar (mundan beýläk – Merkezi saýlaw topary);
– welaýat, welaýat hukukly şäher saýlaw toparlary (mundan beýläk – welaýat saýlaw toparlary);
– etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlary (mundan beýläk – etrap, şäher saýlaw toparlary);
– okrug saýlaw toparlary;
– etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
– uçastok saýlaw toparlary.
Saýlaw toparlaryny ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar boýunça aýratynlykda belläp geçsek, olar:
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça:
Welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça:
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça:
Saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany barada belläp geçsek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 22-nji maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň hataryndan başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar.
Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda,
– Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–13 sany agzadan;
– Etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat saýlaw toparlary tarapyndan 11–15 sany agzadan;
– Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–11 agzadan;
– Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw toparlary tarapyndan 7–11 agzadan;
– Uçastok saýlaw toparlary bolsa degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümlerde döredilýär.
Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilinýär.
Merkezi, welaýat, etrap, şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26, 33, 34, 35, 36, 37-nji maddalarynda doly beýän edilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, Saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, olaryň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
Saýlaw toparlarynyň agzalaryna degişli agzalyk şahsyýetnamalary berilýär.
Saýlaw toparlarynyň düzümi baradaky degişli maglumatlar Türkmenistanyň Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda jemlenen maglumatlara görä:
– Merkezi saýlaw toparyndan başga-da, ýurdumyz boýunça hereket edýän saýlaw toparlarynyň jemi sany 3400-e deňdir;
– şol sanda: welaýat saýlaw toparlary 6, etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlary 60, okrug saýlaw toparlary 125, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary 605, uçastok saýlaw toparlary 2604 sanydyr;
– ýurdumyz boýunça hereket edýän ähli saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 24063-e deňdir;
– şol sanda: Merkezi saýlaw toparynyň 15, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň 66, etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlarynyň 664, okrug saýlaw toparlarynyň 1375, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň 4241, uçastok saýlaw toparlarynyň 17702 agzasy bardyr.
Saýlaw toparlary barada aýdylanda, ýurdumyz boýunça hereket edýän ähli saýlaw toparlarynyň resmi at ýazgylar, möhürler, möhürçeler we beýliki degişli maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilendigini hem belläp geçmek bolar.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan dürli derejeli saýlaw toparlary üçin ýörite gözükdiriji gollanmalar-da taýýarlanylýar.
Şu günler Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
Meýilnamanyň çäklerinde uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalary, raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirilip, geçirilen ýygnaklaryň beýanlaryny etrap, şäher saýlaw toparlarynyň garamagyna ibermek we olary tassyklamak işleri geçirilýär.
Mundan başga-da uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna degişli şahsyýetnamalary gowşurmak, olaryň birinji mejlislerini geçirmek hem-de saýlaw toparlarynyň hukuklary, borçlary we öňde durýan wezipeleri, saýlaw kanunçylygy, şeýle hem uçastok saýlaw toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmek barada täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Saýlaw toparlary bilen bagly amala aşyrylýan çäreleriň ýene biri hökmünde aýtsak, ýurdumyzda döredilýän ähli saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hil düzümleri hem seljerilýär.
Saýlaw toparlarynyň düzüminde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň hödürlän agzalarynyň, adamlarynyň wekilçilik etmegi, olaryň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de Türkmenistanda agzybir ýaşaýan dürli milletlerden ybarat wekilleriň, şeýle-de zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, ýurdumyzda bir maksada, ýagny diňe il-ýurt bähbidine eýerýän syýasy köpdürlüligiň kemala gelendigini görkezýär.
Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny erkinlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaç almagyny arzuw edýäris.
Amangeldi Annadurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.