Halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünliklere beslenen 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek 2020-nji ýyly — Gündogar müçenamasy boýunça syçan ýylyny uly şatlyk bilen garşylamak, gör, nähili uly bagt!
Tamamlanyp barýan ýylda zähmetsöýer daýhanlarymyz Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň hem-de «ak altynyň» bol hasylyny tabşyryp, il-günümiziň rysgal-berekediniň artmagyna uly goşant goşdular.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň ösüşini çaltlandyrmak, innowasion tehnologiýalary önümçilige tiz ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ýoly bilen öňe barýan Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durnukly ösüşe we döwletiň abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
2020-nji ýylyň rowaç ýyl bolup, tutuş Diýarymyzyň ajaýyp gülläp ösüşlere beslenip, Türkmenistanyň her bir raýatynyň has bagtyýar günlerde ýaşajakdygyna pugta ynanýarys.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda Watanymyzyň durmuşynda döredijilik, rowaçlyk ýoly bilen öňe okgunly hereket etmek tapgyrynyň durýandygyny, geljek üçin ruhubelent çaklamalaryň garaşýandygyny aýratyn nygtaýar. Hut şonuň üçin-de, täze ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize uly ösüşler garaşýar. Goý, 2020-nji ýylda-da mähriban hem gahryman Arkadagymyzyň il-gün, ata Watan üçin edýän beýik yhlaslary öňküden-de pajarlap, pür-pudak ýaýradyp össün!
Ruhubelent türkmen halky 2020-nji ýyla uly ynam bilen gadam goýýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamda, lukmançylykda we ylym-bilimde, mahlasy, durmuşyň ähli ugurlarynda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejedäki üstünlikleri gazanmak milletimiziň baş wezipesi bolup durýar. Belent depginli ösüşleri bilen yklymlary haýrana goýan türkmen ykdysadyýetini täze 2020-nji ýylda hem batly gadamlar bilen ösdürmegi niýet edinýän milli Liderimiziň her bir tutumynyň has-da rowaçly bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlaýarys.
Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Hormatly Prezidentimize, halkymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyklary arzuw edýär! Türkmeniň Arkadag Prezidentiniň şuglaly ýoly bilen öňe, diňe öňe ynamly barýan mizemez, bagtyýar Türkmenistan döwletiniň geljegi bagtly hem röwşen bolsun!
Täze — 2020-nji ýylyňyz düşümli ýyl bolsun!