TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR — DEMOKRATIK, HUKUK WE DÜNÝEWI DÖWLETIŇ MERKEZI INSTITUTY

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kadalary demokratik ýörelgelere laýyklykda üpjün edilýär. Öz gözbaşyny halkymyzyň asylly däp-dessurlaryndan alyp gaýdýan bu hukuk kadasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilmegi bolsa, döwletde demokratiýanyň ýüze çykmagynyň hem-de raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmak hukuklaryny durmuşa geçirmegiň kepillikleriniň ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar» diýip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, saýlawlar -- munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň merkezi instituty bolmak bilen, raýat gatnaşyklaryny dolandyrýan dürli edaralary, ýagny döwlet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny emele getirmekligiň bir usulydyr. Hut şonuň üçin-de, demokratik ýörelgeler esasynda guralýan saýlawlar halk häkimiýetliliginiň möhüm aňlatmasydyr we esasy düzüm bölegidir.

Şu ýerde, saýlaw hukugynyň we ulgamynyň mazmunyna düşünmek üçin, okyjylarymyza has düşnükli bolar ýaly, ilkinji nobatda onuň esasyny düzýän käbir adalgalaryň üstünde durup geçmek ýerlikli bolardy. Mysal üçin, saýlawçy – bu saýlawlary geçirýän döwletiň aktiw saýlaw hukugyna eýe bolan raýatydyr. Saýlaw hukugy diýlende bolsa, döwletiň saýlawly edaralarynyň döredilmeginiň tertibini kesgitleýän we saýlaw ulgamyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň jemine, subýektiw manyda raýatyň döwlet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga, ýagny aktiw we passiw saýlaw hukuklaryna düşünilýär. Saýlaw hukugy konstitusion hukugyň wajyp institutlarynyň biri bolup durýar.

Saýlaw ulgamy – bu döwletiň saýlawly, ýagny ilkinji nobatda wekilçilikli edaralaryny döretmegiň tertibini kesgitleýän kadalardan ybarat bolup, döwletiň syýasy ulgamynyň emele getiriji möhüm düzüm bölegidir. Saýlaw ulgamyndaky gatnaşyklar bütewilikde saýlaw hukugyny emele getirýän hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilýärler. Saýlaw ulgamy raýatlaryň döwletiň saýlawly edaralarynyň döredilmegine gatnaşmaklarynyň ýörelgelerini we şertlerini, saýlawlary guramagy we geçirmegiň tertibini özünde jemleýär. Saýlaw edaralary diýlende bolsa, saýlaw hukugynyň halkara nukdaý nazaryndan seredilende, bu saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän edaralar, ýagny saýlaw toparlary göz öňünde tutulýar. Dürli döwletlerde saýlaw edaralary hökmünde ýörite şu maksat bilen döredilen saýlaw toparlary, şeýle hem öň hereket edýän, ýerli öz-özüňi dolandyryş, içeri işler, kazyýet edaralary ýaly döwlet edaralary çykyş edýärler. Biziň ýurdumyzda bolsa, saýlaw edarasy hökmünde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar hem-de welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlary çykyş edýärler. Bu saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Saýlaw okrugy diýlip nämä aýdylýar?! Saýlaw okrugy--munuň özi saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek maksady bilen bölünýän we döwletiň saýlawly edaralarynyň wekilleriniň saýlanýan çäk birlikleridir. Dürli döwletlerde her bir saýlaw okrugyndan näçe wekil saýlanýandygyna baglylykda, olar bir mandatly we köp mandatly saýlaw okruglaryna bölünýärler. Biziň ýurdumyzda bolsa, her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan bir mandatly saýlaw okruglary döredilýär.

Saýlaw uçastogy diýlende ses bermegi geçirmek we berlen sesleri takyklamak üçin döredilýän çäk birliklerine düşünilýär. Türkmenistanda saýlaw uçastoklary saýlawlarda, sala salşykda ses bermegi geçirmek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär hem-de etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen döredilýär.

Dalaşgär -- munuň özi haýsy hem bolsa bir saýlawly wezipä, ýagny Prezident, deputat, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasy saýlanmak üçin dalaş edýän we sese goýulýan saýlaw hukukly raýatdyr.

Saýlawlar geçirilende gizlin ses bermek arkaly amala aşyrylýan, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz-nesihat işleriniň erkinligi, saýlaw möwsümi geçirilende dalaşgärleriň deňhukuklylygy ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň iň esasy konstitusion ýörelgeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň V bölüminde «Saýlaw ulgamy, sala salşyk» barada on maddany öz içine alýan, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň esasyny düzýän bölüm ýerleşdirilendir. Esasy Kanunymyzda berkidilýän bu saýlaw hukugynyň kadalary demokratiýanyň möhüm aňlatmasy bolup, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň halkara hukugynyň umumy ykrar eden kadalaryna laýyk alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden çykyşynda dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak barada teklip etdi. Milli Liderimiziň teklipleri ähli halkymyz tarapyndan doly goldawa eýe boldy.

Aslynda iki palataly ulgama geçmek diýmek nämäni aňladýar?! Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmeginiň, ilkinji nobatda, türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, ýagny demokratiýanyň döwrebap kämilleşdirilmegine oňaýly täsir etjekdigini bellemek gerek. Bu edaralaryň wekilleriniň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredip, täze derejä çykarar.

 

 Amangeldi ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek boýunça merkezi toparynyň kätibi.