Ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin ses beren türkmen halky 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edipdi. Ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly Lider, zehinli alym, meşhur döwlet işgäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylan ägirt uly işler barada oýlananyňda, milli Liderimiziň ozaly bilen ata Watanymyzy çäksiz söýýän hem-de mähriban halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan hakyky watançydygyna doly göz ýetirýärsiň!
Biz hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Türkmenistany agrar döwletden senagat taýdan okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolýarys. Döwletiň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny ýurtda içerki syýasatyň näderejede üstünliklere beslenýändigine, halkyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň binýatlaýyn pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylyp, döwletimiziň durmuş düzümleri kämilleşdirilip, gadymy türkmen topragynyň keşbi bütinleýin özgerdilip, durmuş ulgamynda möhüm üstünlikler gazanylýar. Olar adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen, iň öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanýan täze taslamalara badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi. Ol şertler maddy abadançylygy, amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini, şahsyýetiň döredijilik we aň-paýhas taýdan öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz täze döwlet taglymatynyň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň baş maksadyna öwrüldi. «Halka daýanmak we halkyň bähbidine» diýen sözler milli Liderimiziň baş ýörelgesidir.
Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr, ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.
Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýägaraýyşlary esasynda guraldy.
Biziň hem-de tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirildi, batyrgaý başlangyçlar, çuňňur syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri anyk häsiýete eýe bolup, Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, tarpdan diýen ýaly kemala getirilýän, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi we täze eksport giňişlikleriniň açylmagy milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Halkara ulag düzümleriniň, gaz geçirijileriniň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, deňiz we howa ugurlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň we beýlekileriň köpugurly ulgamynyň döredilmeginde möhüm ädimler ädildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düýpli täzeden gurulmagy, bazar gatnaşyklaryň we hususy bölegiň okgunly ösdürilmegi görlüp-eşidilmedik ýokary depgine eýe boldy.
Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň täze maksatnamasynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, bazar gurallarynyň we usullarynyň doly herekete getirilmegi, iň täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hem-de sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna döwlete dahylsyz bölegiň goşandynyň artdyrylmagy babatynda giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry biziň tutuş halkymyzyň hem-de her bir raýatyň durmuş abadançylygynyň, hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyna gönükdirilendir hem-de şeýle bolmagynda galýar. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak geljekki çäreleriň möhüm ugry hökmünde görkezildi, olar kämil jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam eder.
Şolar bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň baş ugry hormatly Prezidentimiz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürlen hem-de halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan düýpli başlangyçlary, şol sanda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça teklipleriniň esasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda gazanylan sepgitleri beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýyllaryň iş tejribesi öz Lideriniň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň iň bir giň gerimli meýilnamalary hem amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Türkmenistanda gazanylan ýokary netijeler, ýetilen anyk sepgitler, uly üstünlikler, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasyndaky ajaýyp sazlaşyk ýurdumyzyň raýatlarynyň hormatly döwlet Baştutanymyza çäksiz ynamynyň ygtybarly binýadyndan nyşandyr.