1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edilen bolsa, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy hem-de 47 döwletiň awtordaş bolmagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakynda Rezolýusiýasy ykrar edilip, türkmen milletiniň däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hut şonuň üçin-de, Halkara giňişliginde, dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda, howpsuzlygy berkitmekde, durnukly ösüşi we asuda ýaşaýşy üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň elmydama üns merkezinde saklanylýar. Bu iki Rezolýusiýanyň mazmunynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasyna girizilmegi ýöne ýere däldir. Çünki, hemişelik Bitaraplyk biziň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň kanuny esasydyr.
Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç hem hormatly Prezidentimize degişlidir. Milli Liderimiz bu teklibi 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen halkara maslahatynda öňe sürüpdi. Şondan soň, ýagny 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ýene gir gezek ählumumy ykrar edilmesi boldy.
Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly syýasatynyň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmek we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda halkara tagallalaryny birleşdirmegi maksat edinýän «2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ähli taraplaýyn berkitmek wezipeleriň amala aşyrylmagy babatynda hormatly Prezidentimiziň bu teklibi umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi üçin halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Içerki durnuklylyk, jemgyýetde höküm sürýän sazlaşyk, goňşular bilen ýola goýlan hoşmeýilli gatnaşyklar we Bitaraplyk bu gün döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ine, hut şol sebäplere görä-de, Türkmenistan Watanymyz sözüň doly manysynda “Bitaraplygyň mekany” diýilýän ýurt hökmünde tanalýar.