TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY

Biziň ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara bilen bellenilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu baýramyň dabarasy tutuş Zemine ýaň salar. Çünki, ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen dünýäde giňden tanalýar. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa  geçirilýär.

Ýer ýüzünde atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri bu gün  türkmen halkynyň genji-hazynasyna, köňül buýsanjyna we milli mirasyna öwrülip gidipdir. Behişdi bedewlerimiz merdana türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde ýürekdeş syrdaşy bolupdyr. Türkmen ýigitleriniň ajaýyp şaý-sepler bilen bezelen atlaryň üstünde ýerine ýetirýän oýunlary toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda uly täsirleri galdyrýar.

Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen atşynaslary tarapyndan gamyşgulak bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär.

Türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmeti netijesinde, tohumçylyk-seçgiçilik işinde hem oňyn tejribe toplanylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda toplanan tejribäni ýaş nesillere geçirmek bilen utgaşykly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda diňe bir ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilmegini giňeltmek bilen çäklenilmän, ýaş nesillere gadymy atşynaslaryň mynasyp däpleriniň baý mirasyny öwretmek bilen bagly işler alnyp barylýar.

 Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän şol aýlawlar diýarymyzda diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem sportuň ösdürilmegine, ýaş nesillere terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmegine oňyn şertler döredýär. Şol toplumlarda atçylyk sungatyny mynasyp dowam etdirijileriň täze nesli peýda bolýar.

Hormatly ildeşlerimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň toýy toýlara ulaşsyn!