TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HOŞNIÝETLI HEMIŞELIK BITARAPLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoly saýlap alandygyny buýsanç bilen nygtamak gerek.

Dünýäniň iň täze taryhynda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy türkmen diplomatiýasynyň gazanan ajaýyp üstünligidir. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen BMG tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ajaýyp dabaralanmasy bolup jahana ýaň saldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul etdi. Baş Assambleýanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini çagyrýandygy baradaky kadalaryň durmuşda hem aýdyň beýanyny tapandygy guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hemişelik Bitaraplygyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn orun alýar. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip berkidilen. Döwletimiz bu Rezolýusiýany Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir.

Üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, daşary syýasatynyň esasy hökmünde gözbaşyny milli özboluşlylygymyzyň çeşmelerinden alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap aldy.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alýan halkara syýasaty dostlukly gatnaşyklary umumadamzat ösüşine gönükdirmegiň syýasy nusgasydyr. Şeýle syýasatyň Bitaraplyk ýörelgesi milli jebisligi berkitmegiň, jemgyýetiň asudalygyny pugtalandyrmagyň, bütin adamzadyň parahatçylykly durmuşyny mäkämleşdirmegiň kämil usuly bolup çykyş edýär. Bu bolsa Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän döwletiň parahatçylyk söýüji gadymy däbinden, milletiň hoşniýetli dünýägaraýşyndan habar berýär. Geçilen sanlyja ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynda gazanan üstünlikleri, bitiren beýik işleri, ýeten belent sepgitleri bu gün halkymyzy guwandyrýar, döredijilikli zähmete, täze täze üstünliklere ruhlandyrýar.  

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň açylşynda Arkadag Prezidentimiz   «Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýetli bolan wezipeleri yzygiderli öňe sürýär hem-de şolary çözmäge çalyşýar» diýip, nygtap belledi. Gaýry ýurtlaryň özygtyýarlylyk derejesine sarpa goýmak bu syýasatyň paýhasly ýörelgelerinden habar berýär. Şeýle syýasatyň parasatlylyk esaslaryny jemgyýetiň watansöýüjiligi, halkyň Watana wepalylygy, adyl ahlaklylygy emele getirýär. Çünki Bitaraplyk, munuň özi jemgyýetiň syýasy nukdaýnazarynyň kuwwatlylygydyr. Halkara hukuk ulgamy oňaýly başlangyçlara ählumumy derejede hukuk hümmetini bermegiň kanunçylyk serişdesidir. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkalaryň arasynda biragyzdan goldaw tapýandygynyň we halkara hukuk nukdaýnazaryndan doly ykrar edilýändiginiň mysalydyr.

Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşigiň çözgüdinde tassyklanyldy» diýip, eziz halkymyzyň we ýurdumyzyň ornuna ýerlikli baha berdi.

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli hemişelik Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda eziz Watanymyz birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak arkaly dünýä syýasatynda netijeli gatnaşyklaryň üsti bilen ýokary ösüşlere ýetip bolýandygyny subut etdi.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine işjeň gatnaşyp, olaryň birnäçesine wise-başlyklyga saýlandy. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejedäki forumlarda köp sanly döredijilikli başlangyçlary öňe sürmegi we bu döwletli başlangyçlaryň dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw tapmagy halkymyzy buýsandyrýar. 2019-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Goý, eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýy mundan-da zyýada bolsun !

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim parasadyna ýugrulan tutumly işleriniň netijesinde bolelin durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni şatlykly wakalary, rowaçlyklara beslensin.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Jahan Orazowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 
edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.