TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÄHLIHALK GOLDAWYNA EÝE BOLAN LIDER

Häzirki döwürde biz hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Türkmenistany dünýäde okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, onuň ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji, ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolýarys. Milli liderimiz, ozaly bilen, ata Watanymyzy çäksiz söýýän hem-de   halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan uzakdan görüji syýasatçydyr, täzeçil liderdir, hakyky watançydyr.

2007-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edilip, Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenilipdi.  Şol ýyl geçirilen Prezident saýlawlarynda halkymyz ýurdumyzy ösen dünýäniň derejesine çykarjak   özgertmeler üçin hem ses beripdi.

2012, 2017-nji ýyllarda  geçirilen saýlawlarda bolsa, türkmen halky jemgyýetimiziň mizemez bütewiligini üpjün edýän milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryny çäksiz goldap, agzybirlik bilen ses  berdi.

Bu gün Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna, ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmak, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylan işlere nazar aýlamak,  gör, nähili ýakymly!

Häzirki döwürde biz hormatly Prezidentimiziň il-ýurt üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris. Durmuşyň islendik ugrunda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen gudrat döreýär. Ýurduň paýtagtynda, keşbi gün-günden özgerýän welaýatlardyr etraplarda biz bu özboluşly gudratyň ajaýyp binalardyr zawodlar, fabrikler, desgalar toplumlarydyr ymaratlar, jenneti mekana öwrülen ilatly nokatlar görnüşinde miwelerini görýäris.

Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny içerki syýasatyň näderejede üstünliklere beslenýändigine, halkymyzyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirýär.

Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen döwrebap sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr, ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.

Türkmenistanda halkara ulag düzümleriniň, gaz geçirijileriniň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, deňiz we howa ugurlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň we beýlekileriň köpugurly ulgamynyň döredilmegi boýunça möhüm ädimler ädildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düýpli täzeden gurulmagy, bazar gatnaşyklarynyň we hususy bölegiň okgunly ösdürilmegi ýokary depgine eýe boldy. Geçen ýyllaryň içinde durmuşyň ähli ugurlarynda, ozaly bilen döwlet dolandyryş, ykdysadyýet ulgamlarynda düýpli özgertmeler geçirilip, beýik maksatlara ýetmek üçin esas goýuldy.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda toplumlaýyn milli maksatnamalar amala aşyrylýar, sanlaşdyrmak işlerine badalga berildi. Milli Liderimiz raýat institutlarynyň, köppartiýalylygyň, telekeçiligiň ösmegini yzygiderli  höweslendirýär. Bu bolsa durmuş-ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam edýär.

Milli Parlamentiň iki palataly ulgamyna geçmek hem-de şonuň bilen baglylykda, täze Konstitusion kanuny işläp taýýarlamak hem möhüm ädimleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ähli özgertmeleriniň esasy aýratynlygy, ýagny, olaryň innowasion häsiýetiniň düýp mazmuny türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.