TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

Türkmenistan we Ginnesiň rekordlar kitaby

Ruhy haly ýokary derejelere göterilen türkmen raýatlarynyň kuwwatly ykdysady ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistanda amala aşyrýan beýik işleri dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny özüne çekýär. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp halylaryňdyr binalaryň sanawyna ser salanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

 

                                                                                            * * *

Baharlynyň çeper haly önümler fabriginde dokalan uly halynyň umumy meýdany 301 inedördül metre barabardyr. Onuň ölçegleri 14×20 metrdir. Halynyň her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitim ýerleşdirilipdir. Halyda jemi 120 million çitim bolup, onuň agramy 1,5 tonna ýetýär.

Haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli 40 halyçynyň gatnaşmagynda sekiz aýyň dowamynda dokaldy.

2003-nji ýylda türkmen halyçylarynyň elinden çykan bu äpet haly dünýäde iň uly el işi hökmünde hasaba alyndy we Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

 

                                                                                            * * *

2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arçabil şaýolunyň ugrunda, Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada dikilen Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 420 kilograma, möçberi bolsa 52,5 we 35 metre barabar bolan bu Tug ýörite baýdak göteriji flagştoga berkidilip, Döwlet Senasynyň belent owazynyň ýaňlanmagynda 133 metr ýokary galdyryldy. 

 

                                                                                            * * *

Oguz hanyň we onuň alty oglunyň Aşgabadyň halkara aeroportuna barýan şaýoluň çatrygynda ýerleşen bürünç heýkelleri hem-de şol ýerdäki suw çüwdürimleri şekillendirilen binagärlik we heýkeltaraşlyk toplumy 2010-njy ýylda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen eserleriň biridir.

Bu toplumyň umumy meýdany 14,82 gektara barabar bolup, ol bir wagtda akýan we yşyklandyrylýan hem-de tutuşlygyna hereket edýän 27 sany çüwdürimden ybaratdyr.

 

                                                                                            * * *

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ginnesiň rekordlar kitabyna «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy girizildi. Oguz hanyň ýyldyzynyň äpet keşbini ýatladýan bu ajaýyp  bina binagärlik dünýäsindäki iň uly ýyldyz hasaplanylýar. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň günortasyny etekläp oturan Köpetdagyň belent tebigy gerişleriniň üstünde bina edildi. Döwrebap Teleradio merkeziniň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda onuň umumy beýikligi 211 metr. Toplumyň esasy desgasy 31 gatdan bolup, onuň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär. Ol ýerden ak mermerli türkmen paýtagty we onuň etekleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Aşgabadyň gözelligini hem-de Köpetdagyň dag derelerine syn etmek üçin teleradio merkeziň ýörite syn ediş eýwany bar. Ol paýtagtymyzda alnyp barylýan özgertmeleriň gerimine göz ýetirmek we paýtagtymyzyň taýsyz gözelliklerini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär.

 

                                                                                            * * *

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak şäherimiz Aşgabadyň günorta-günbatar bölegindäki ýaşyl bossanly jenneti künjekde açyldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 26 000 inedördül metre golaý bolup, beýikligi 95 metre ýetýän bina özüniň kaşaňlygy, gözelligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Binanyň 2-nji ýerzemin gatynda 177 ulaglyk ýapyk awtoduralga, tehniki otaglar hem-de tehniki desgalar, 1-nji ýerzemin gatynda bowling zaly, älem giňişligine syn etmäge mümkinçilik berýän Kosmos muzeýi, 80 orunlyk kafe-bar ýerleşýär. Binanyň 1-nji gatyna gireniňden oýun zallary ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde dürli döwrebap kompýuter oýunlary ornaşdyrylypdyr. Binanyň 3-nji gaty aýlanýan çarha giriş gatydyr. Onda tehniki otaglar ýerleşýär. 4-nji gatda aýlanýan çarha münülýär, 5-nji gat tutuşlygyna aýlanýan çarh bolup, onuň diametri 57 metre barabar. Onda 23 sany her biri 6 adamlyk, 1 sany 4 adamlyk VIP kabina ýerleşdirilipdir.

 

                                                                                            * * * 

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermere örtülen täze binalaryň 543-si guruldy, onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabardyr, başga sözler bilen aýdylanda, her bir 4,87 inedördül metre ak mermeriň bir inedördül metri düşýär. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

                                                                                            * * * 

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy. Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalar bolup durýar. Bu desgalaryň hatarynda baş we ikinji ýolagçy terminalyny, ýük terminalyny, uçarlara tehniki hyzmat edýän angarlar toplumyny, okuw hem-de lukmançylyk merkezlerini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar. Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat eder. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirer. Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugynda iň häzirki zaman nawigasiýa enjamlary oturdyldy.

Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

 

                                                                                            * * *

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherindäki “Ak öý” binasynyň açylyşynda 4 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda ägirt uly baýramçylyk dabarasy boldy. Olar bilelikde hormatly Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.


                                                                                            * * *

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, alnyp barylýan giň möçberli işler paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegini we onuň dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şertleriň döredilýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkitmegini üpjün edýär. Şunlukda, ýurdumyzyň baş şäheri we onuň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar özüniň döwrebaplygy, özboluşly binagärlik çözgüdi we bezeg aýratynlyklary bilen halkara derejesinde ykrar edilýär. Muňa ýaňy-ýakynda Olimpiýa şäherçesiniň birbada iki desgasynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi barada gelip gowşan hoş habar hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

“Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi.

 

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girmezinden öň, göwrümlerini bellige almak maksady bilen geçirilen ölçeglere görä, bedewiň çeper şekiliniň beýikligi — 40,05 metr ( 131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy — 37,69 metr (123 fut 7,9 dýuým) we ini — 40,24 metr (123 fut 0,6 dýuým) bolup durýar.
Dünýäde iň uly üsti ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi degişli şahadatnama eýe boldy. Bu suw toplumynda sportuň suwda ýüzmek we suwa bökmek görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara birwagtda 5 müň adam tomaşa edip biler. Suw toplumynyň diwarlarynda dürli meýdanly dört howuz ýerleşdirilen. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde geçiren ölçeglerine laýyklykda, toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) barabar boldy. Täze suw toplumynyň düzümine sport terapiýa meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, türgenler üçin egin-eşik çalşylýan we dynç alynýan otaglar, ilkinji lukmançylyk kömek nokady girýär.

Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar. Munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginden öňürti, aýratynlyklary ýazyp bellemek üçin 2017-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilen ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy.

At bilen birlikde Aziýa oýunlarynyň alawynyň çanagy hem belentlikde ýerleşýär. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmenleriň däp bolan ýüzärliginiň dessesi görnüşinde bezeldi. Üstünligiň hem-de goramagyň tumarynyň wezipesini alaja hem ýerine ýetirýär. Ol alawyň çanagyny hem-de bedewiň boýnuny bezeýär. Ol hem oýunlaryň açylyş dabarasynda alawy ýakmak pikiri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen bu keşbi bezemäge girizildi.

Ýüzärlik ýakmak, tütetmek gadymdan gözbaş alýan dessur bolup, türkmen halky tütedilen ýüzärligiň tüssesini ähli bela-beterden, howp-hatardan goraýar diýip hasaplapdyr.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp bolup, ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Suwda ýüzmek we suwa bökmek ýaryşlarynyň geçirilýän bu toplumynda bir wagtyň özünde bäş müň tomaşaçy ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy.

 

                                                                                            * * *

 

Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň sahypalarynyň mazmuny has-da baýlaşdy. 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda oňa Türkmenabadyň halkara howa menziliniň ýyldyz görnüşindäki binasynyň ady girizildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berlen we milli Liderimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde açyp beren bu binasynyň ady dünýä-äleme aýan boldy.

Bu barada Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşy-Gemijiniň binanyň açylyş dabarasyna gatnaşanda sözlän sözünde hem aýratyn nygtaldy. Onuň Türkmenabadyň halkara howa menziliniň binasynyň açylmagynyň diňe bir halkara raýat awiasiýasy üçin däl-de, eýsem Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitaby üçin hem üýtgeşik waka bolandygy, şäheriň täze howa menziliniň binagärlik gurluşygynyň ajaýyplygy, ýokary tehnologiýa eýedigi, ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygy barada aýdan sözleri özboluşly simwoliki mana eýedir.

Şeýle hem Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekiliniň: «Binagärlik taýdan şeýle ajaýyp çözgüt howa menziliniň gaýtalanmajak aýratynlygydyr. Şeýle binagärlik aýratynlygy dünýäde ýokdur. Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmek üçin şekillendirilýän ýyldyzyň meýdany on bir müň kwadrat metrden az bolmaly däldir. Bu ýerde gurlan halkara howa menziliniň ýyldyz şekilindäki binasynyň tutýan meýdany bolsa, on iki müň kwadrat metre barabardyr. Şeýlelik-de, biz ony Ginnesiň Rekordlar kitabynda hormatly orun almaga mynasyp hasap edýäris» diýip aýratyn nygtamagy bolsa köňüllere buýsanç paýlady.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolan bu täsin bina türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Alty ýüz gektar meýdany tutup oturan täze halkara howa menziliniň we onuň desgalarynyň gurluşygynyň «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylmagy türkmen telekeçileriniň örän kyn, jogapkärli, çylşyrymly işleri gerdenine almaga ukyply şereketlere öwrülendigini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen gurluşykçylarynyň hünär, guramaçylyk başarnyklary has-da kämilleşip, ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejelere göterildi. Munuň şeýledigine Türkmenabadyň halkara howa menziliniň milli binagärlik sungatynyň ähli öwüşginleri siňdirilen, otuz ýedi müň inedördül metre barabar bolan ýolagçy terminalynyň binasynyň Oguz hanyň ýyldyzynyň keşbinde lowurdamagy, hut şonyň üçin hem onuň Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilmegi doly şaýatlyk edýär.

Bu halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Milli raýat awiasiýasynyň halkara hem-de ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulmagyna, ýolagçy we ýük gatnawynyň möçberleriniň artdyrylmagyna we olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Bu halkara howa menzili gatnawlaryň howpsuz, ygtybarly we netijeli amala aşyrylmagyna doly mümkinçilik berýär.

 

                                                                                            * * *

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda deňiz derejesinden aşakda ýerleşýän iň uly emeli ada döredildi. Göçüp-gonýan guşlar üçin döredilen bu emeli ada hem 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Täze deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda deňiz düýbünden gazylyp çykarylan 10 million kub metre barabar toprak, Türkmenbaşy aýlagynda meýdany 170 gektara barabar bolan emeli adany döretmek üçin ulanyldy. Bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanydyr. Aslynda, Hazaryň ekologiýa taýdan iň arassa türkmen kenarlary göçüp-gonýan guşlaryň düşleýän hem-de gyşlaýan mesgenleriniň esasysy saýylýar.

Hormatly Prezidentimize Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili hanym Şeýda Subaşi tarapyndan degişli sertifikat gowşuryldy.

 

                                                                                            * * *

 

3-nji iýunda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öňüsyrasynda «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordynyň goýlandygyny habar berdi. Welosiped sürmek boýunça okuw sapagy bilen bir hatarda, şäheriň ýol gurşawynda ulagyň bu görnüşiniň ähmiýetini açyp görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygy we ekologiýa gatnaşyklary boýunça geçirilen bu çärä jemi 3246 adam gatnaşdy. Häzirki güne çenli bu sanaw dünýäde welosport boýunça türgenleşik sapaklaryna gatnaşanlaryň iň köp sanlysy hasap edilýär.

Bu maglumat «Guinness World Reсords» kompaniýasy tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy.

 

                                                                                            * * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy. 

Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnama görkezildi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni gowulandyryp, bu täsin görnüşde täze rekord goýdy. 



Bu rekordyň doly kanunalaýyklygyna eminlerden, ýagny öz döwründe ozalky gazanylan üstünligi bellige alan bütin dünýä meşhur neşiriň wekillerinden başga-da, Awazadaky baýramçylyga gatnaşan köp sanly tomaşaçylar hem göz ýetirip bildiler. Akhan duýgurlyk bilen hem-de mynasyp derejede tomaşaçylara baş egip, ýeňillik bilen yzky iki aýagynyň üstüne galdy hem-de şonuň ýaly dik ýagdaýynda belli bir aralygy ajaýyp ýöräp geçdi. 

Haýran galan daşary ýurtly myhmanlar gören bu täsinligini dessine öz el telefonlaryna geçirmäge howlugyp, oturan ýerlerinden böküp galdylar. Dünýäniň dürli dillerinde hemme ýerden «Berekella!» diýen sesler eşidilip, haýran galmak duýgulary aýdyň ýüze çykdy. Ýöne, Akhanyň şeýle täsir galdyrýan ukyplary türkmenistanlylar üçin nähilidir bir geň-taňlyk bolup durmaýar, olar eger-de, bedewleri zehinli seýis terbiýelese, onda bu «ganatly» bedewleriň neneňsi deňsiz-taýsyz belentliklere göterilip biljekdiklerini örän oňat bilýärler. Akhanyň howandary bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüdir. Hormatly Prezidentimiz başarjaň we tejribeli çapyksuwardyr, bu ugurda halypadyr, atçylyk sungatynyň janköýeri we oňa uly sarpa goýujydyr.

Bu rekord şeýle hem milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek we nesilden-nesle geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ägirt uly yhlasly işleriniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar. Taryhçylar ahalteke bedewleriniň köpeldilmegi adamyň gönüden-göni gatnaşmagynda geçirilen ilkinji tohumlar diýip hasaplaýarlar. Arassa ganly bu atlaryň seçgiçiligi biziň eýýamymyza çenli baryp, üçünji müňýyllykda, Türkmenistanda Ahal sebitleriniň çäklerinde başlanypdyr. Şu ýerler hem türkmen atlarynyň adyny emele getiripdir. Ahalteke bedewleri häzire çenli beýleki toparlardan bolan tohumlaryň ganyny garyşdyrmazdan, özüne degişli topar arkaly köpeldilýär. 

Ahalteke tohum atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr. Türkmenistan häzir tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bütindünýä sirk festiwallarynda yzly-yzyna gazanýan ajaýyp ýeňişleri munuň subutnamasydyr. Olaryň çykyşlarynda behişdi bedewleriň owadan haýbatly kaddy-kamaty hem-de ajaýyp başarnygy aýdyň ýüze çykdy. Bu bolsa seýisleriň yhlasly tagallalarynyň miwesidir. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Şeýle ebedi şöhrat gadymy asyrlarda peýda bolup, Ýer ýüzüne doldy hem-de bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde täze keşpde gaýdyp gelýär. 

Bu ýakymly wakanyň — Akhanyň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň gowşurylmagynyň milli Liderimiziň başyny başlan täsin taslamalarynyň biri bolan, tamamlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň ýeňijileriniň hormatyna guralan dabara bilen gabat gelmeginiň özboluşly manysy bardyr. 

Bu taslamanyň esasynda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksady durýar. Bu ýoluň ösdürilmegine öz döwründe ahalteke bedewleri uly itergi berdiler. Şolaryň üsti bilen ada rowaýata öwrülen bu ýoluň täze ugurlary çekildi, söwda kerwenleri ýola salyndy, çaparlar ýollandy. 

Şunda at türkmen üçin häzirki döwürdäki ýaly, diňe bir ondan-oňa gitmegiň serişdesi bolman, ol maşgalanyň bir agzasy hökmünde aýratyn alada bilen gurşalyp alyndy, ruhy taýdan ysnyşmaklyk emele geldi. Halk içinde: «At — kalbyň ganaty!» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. 

Bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça demir ýol düzümleri we ulaglar geçýär, ýöne, bedewiň taryhy wezipesi unudylanok. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ajaýyp ahalteke atlaryna biziň buýsanjymyz artýar, döwlet Baştutanymyz olar üçin kämilligiň we şöhratyň täze gözýetimlerine tarap giň ýol açdy.

 

                                                                                            * * *

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda  Ahal welaýatynda açylyp ulanylmaga berlen  tebigy gazdan benzin öndürýän iň täze döwrebap senagat toplumy ykdysady we innowasion aýratynlygy bilen Ginnessiň dünýä rekordlary kompaniýasynyň ünsüni özüne çekdi. Bu toplumyň açylyş dabarasynda «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji çykyş etdi. Ol täsin senagat desgasynyň — dünýäde şunuň ýaly ilkinji desganyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi   we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Hanym Subaşi-Gemiji «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen güwänamany gowşurmak bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine berk jan saglyk, rowaçlyklar, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüşler arzuw etdi.

 

                                                                                            * * *

2019 ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji bu baradaky  degişli güwänamany birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurdy.