TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW HUKUGYNYŇ ESASLARY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen birlikde, saýlaw ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine içgin üns berilýär. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da çuň demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Munuň şeýledigini hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli jemgyýetçilik – syýasy çäreleriň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylýandygy hem doly subut edýär. Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän sazlaşygyň jebisligiň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga, sala salşyklara gatnaşmaga hukuklary çäklendirilmeýär we ol ählumumy häsiýete eýedir. Bu ýörelge jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň degişli ugurlaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilendir.

Biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklary we azatlyklary baradaky kanunlarynyň möhüm aýratynlygy olaryň bu ugurdaky halkara talaplaryna we ülňülerine gabat gelýänligidir. Munuň özi halkyň ähli gatlagynyň wekilleriniň öz erk-islegini açyk, erkin beýan edip bilmekleri üçin döredilen oňyn şertlerdir. Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy hem-de bäsleşik esasynda geçirilýär. Bu saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.

Sala salşyk (halkyň ses bermegi) – munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmagynyň bir görnüşidir.

Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlar milli demokratik ýörelgelere, şeýle hem häzirki zaman halkara kadalaryna laýyk derejede, köppartiýalylyk şertlerinde geçirilýär.

Saýlawlar we sala salşyklar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.

Saýlawlara we sala salşyklara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň bir sesi bardyr. Saýlawlar göni saýlawlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýar.

Ýurdumyzda demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň saýlaw hukuklary geçirilýän saýlawlaryň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda saýlaw hukuklary, olaryň görnüşleri barada giňişleýin durup geçsek ýerlikli bolar.  

Saýlaw hukugy – munuň özi iň bir möhüm syýasy hukuklaryň biri bolup,  raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugydyr. Türkmenistanda raýatlaryň saýlaw hukugy raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukugydyr. Saýlawlary we sala salşyklary erkin, adalatly, giň demokratik esaslarda geçirmek arkaly saýlaw hukugy durmuşa geçirilýär.

Saýlaw hukugy diýen düşünjäniň iki sany – obýektiw we subýektiw  manylary bar.

Obýektiw saýlaw hukugy – bu döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlar bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän  hukuk kadalarynyň ulgamydyr. Muňa başga-da birnäçe pudaklaryň kadalaryny özünde jemleýän – zähmet, raýat, administratiw, jenaýat ýaly Kodeksler girýär. Muňa bir mysal hökmünde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde, saýlaw hukugynyň amala aşyrylmagy bilen bagly düzgün bozulmalar baradaky maddalaryň bardygyny aýtmak bolar.

Subýektiw saýlaw hukugy – munuň özi döwletiň raýatynyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiliginiň kepilligidir. Subýektiw saýlaw hukugy öz içinde aktiw we passiw saýlaw hukugy diýen iki bölekden durýar.

Aktiw saýlaw hukugybu raýatyň hut özüniň wekilçilikli edaralaryň ýa-da wezipeli adamlaryň saýlawlaryna saýlawçy hökmünde gatnaşmaga – ses bermäge hem-de sala salşygyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmaga bolan kanuny hukugydyr.

Passiw saýlaw hukugymunuň özi şol bir saýlawçynyň wekilçilikli edaralara ýa-da saýlawly wezipelere saýlanmaga bolan hukugy bolup, onuň saýlawçylaryň sesleriniň kanunda bellenilen sanyny alyp, degişli orna saýlanylmagydyr.

Ady agzalyp geçilen aktiw (saýlamak) we passiw (saýlanmak) hukuklary, adatça, Konstitusiýada we saýlawlar hakyndaky kanunçylyklarda bellenilen birnäçe talaplar bilen şertlendirilendir. Bu şertler her döwletiň öz raýatlaryna degişlilikde ýüze çykýar.

Mysal üçin:

Aktiw saýlaw hukugy saýlawlar gününe çenli 18 ýaşy dolan saýlawçylaryň ses bermäge hukugy bardyr. Mundan başga-da, saýlawlarda ses bermäge gatnaşmak üçin saýlawçynyň hökmany ýagdaýda şol döwletiň raýaty bolmaklygy şertlendirilýär. Şeýle-de, saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we kanunçylykda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Passiw saýlaw hukugy  raýatlaryň saýlanmaga bolan hukugydyr. Käbir ýagdaýlarda raýatlar bu hukuklaryň ikisinden hem birlikde peýdalanýarlar. Saýlaw hukukly raýat dalaşgärlige hödürlenen we bellige alnan bolsa, ol raýat özüniň aktiw hem passiw hukugynyň ikisinden bilelikde peýdalanyp bilýär.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez diýlen şertler passiw saýlaw hukugyna degişli bolup durýar.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik ýörelgelerini we raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek çäreleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 90-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň kararlaryna we olaryň wezipeli adamlarynyň  hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň; 91-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, sala salşyga gatnaşyjylaryň kararlaryna we hereketlerine ýa-da hereketsizligine kazyýete şikaýat etmegiň; 92-nji maddasyna laýyklykda bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň tertibiniň düzgünleşdirilýändigini hem nygtamak bolar.

Zenanlaryň saýlaw hukugy zenanlaryň saýlawlara gatnaşmaga bolan hukugydyr. Bu hukuk zenanlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny özünde jemleýär. XIX asyra çenli zenanlaryň saýlaw hukugy çäklendirilipdir. Soňra zenanlaryň saýlaw hukugy üçin işjeňligiň ösüş döwri başlanýar. Bu XX asyryň ortalarynda zenanlaryň saýlaw hukugynyň halkara kadalarynda berkemegine getiripdir. Ilkinji bolup zenanlaryň saýlaw hukugyny girizen döwletler Täze Zelandiýa (1893 ý.), Awstraliýa (1902 ý.), Russiýa (1906 ý.) hasap edilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, milli Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda geljekde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi-de saýlaw hukugynyň demokratik ýörelgeleriň ösüş ýolunyň oňyn netijelere eýe bolmagyna getirer.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara saýlaw hukukly ýaşlaryň, şeýle hem zenanlaryň işjeň gatnaşmaklary-da biziň syýasy durmuşymyzda demokratik ösüşleriň we hukuk kämilliginiň gazanylýandygyny äşgär edýär.

Türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýa­sy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda halk demokratiýasynyň giňden dabaralan­ýandygyny hem aýdyň görkezýär.

Hut şonuň üçin-de biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar.

 

Agajan Jumageldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.