TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMYNYŇ GÖRNÜŞLERI

Saýlaw ulgamy saýlaw hukugyny bermegiň tertibini, saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň we ses bermegiň netijelerini takyklamagy sazlaşdyrýan hukuk kadalarynyň jemini aňladýar.

Dünýä tejribelerine ser salanymyzda, saýlawlaryň has irki döwürlerden başlap ýüze çykandygyny, döwrüň geçmegi bilen bolsa saýlaw ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşendigini görmek bolýar.

Şonuň üçin hem, saýlaw ulgamynyň görnüşleri barada düşünje bermegi makul bildik.

Taryhda saýlaw ulgamy özüniň birnäçe görnüşini ýüze çykardy. Dünýäniň ýurtlary bolsa, amatly ýagdaýlary göz öňünde tutup, özleri üçin peýdaly diýen saýlaw ulgamyny saýlap aldylar. Halkara tejribelerinde häzirki döwürde saýlaw ulgamynyň esasy üç görnüşi – mažoritar, proporsional we garyşyk saýlaw ulgamlary diýlen görnüşleri ulanylýar.

1. Mažoritar saýlaw ulgamy diýlende, dalaşgärleriň bir mandatly saýlaw okruglary boýunça we kanunda bellenilen tertipde sesleriň otnositel, absolýut we kwalifisirlenen köplügi esasynda saýlawçylar tarapyndan gös-göni saýlanylmagyna düşünilýär.

Ýagny, kime köp ses berlen bolsa, şol hem saýlanylan diýlip hasap edilýär. Beýleki dalaşgärleriň tarapyna berlen sesler bolsa, öz güýjüni ýitirýär.

Mažoritar sözi «majorite» diýen fransuz sözi bolup, «köpçülik» diýen manyny aňladýar.

Mažoritar saýlaw ulgamy beýleki saýlaw ulgamlarynyň hemmesinden öň dörän ilkinji saýlaw ulgamydyr.

Indi bolsa mažoritar saýlaw ulgamynda ses bermegiň haýsy görnüşleriniň ulanylýandygyna seredeliň.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň otnositel köplügi – ses bermegiň iň bir ýönekeý görnüşi bolmak bilen, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň absolýut köplügi – munda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň kwalifisirlenen köplügi – ses bermegiň iň bir seýrek duş gelýän görnüşi bolmak bilen, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň kanunda bellenilen köplügini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanda bir mandatly saýlaw okruglary boýunça demokratik şertlerde geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda mažoritar saýlaw ulgamynyň absolýut köplügi görnüşi ulanylýar, ýagny ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň ýarysyndan köpüsiniň (50%+1) sesini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň sesleriň absolýut köplügi boýunça saýlanmak mümkinçiligi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasynyň 3-nji böleginiň birinji tesiminde kesgitlenilendir.

2. Proporsional saýlaw ulgamy diňe köp mandatly saýlaw okruglary boýunça partiýalaryň tarapyna hem-de dalaşgärleriň sanawnamasynyň tarapyna ses bermek arkaly geçirilýär.

Munda deputatlyk mandatyny almak üçin partiýalara belli bir derejede ýurt boýunça saýlawçylaryň seslerini almakda iň azyndan göterim sany (barýer) bellenilýär. Sesleriň bellenen derejedäki göterimine ýetip bilmedik partiýalar mandata eýe bolup bilmeýärler.

Proporsional saýlaw ulgamy ilkinji gezek 1889-njy ýylda Belgiýada ulanylyp başlapdyr. Bu saýlaw ulgamy häzirki wagtda Ýewropa döwletleriniň birnäçesinde, şeýle hem umumy alanymyzda, dünýäde 60-dan gowrak döwletde parlament saýlawlary geçirilende ulanylýar.

Ýokarda ady agzalan proporsional saýlaw ulgamy öz içinde-de ýarym proporsional we artykmaç sesleri başga dalaşgäre bermek diýlen iki sany saýlaw ulgamlaryna hem bölünýär.

Ýarym proporsional saýlaw ulgamy mažoritar esaslarda oýlanyp düzülendir, ýagny saýlanmak üçin sesleriň köplügini almak talap edilmek bilen, wekilçiliklere we saýlawçylara belli bir derejede hukuk mümkinçiligi ýüze çykýar.

Bu ýagdaý çäklendirilen wotum (sesleriň çäklendirilen derejesi) arkaly saýlawçylaryň haýsydyr bir partiýanyň hem-de saýlaw okrugyna degişli bolan deputatlyga saýlanylmaly dalaşgärleriň köpçülik sanawnamasynyň tarapyna ses bermegi däl-de, belli bir dalaşgäriň ýa-da bellenilen sanlardaky dalaşgärleriň tarapyna anyk ses bermegi netijesinde döreýär.

Çäklendirilen wotum syýasy partiýalardan dalaşgärleri hödürlemekde takyk hasap etmekligi talap edýär. Syýasy partiýalaryň näçeräk ses alyp biljekdigi we şol sesleri partiýalaryň hödürlän dalaşgärleriniň arasynda nähili bölüp boljakdygy göz öňüne tutulmalydyr.

Eger-de partiýalar saýlaw okrugy boýunça çakdanaşa köp dalaşgär hödürlese, saýlaw okrugy boýunça sesleriň dalaşgärleriň arasynda bölünip gitmegine getirýär we bir dalaşgär hem saýlanyp bilmeýär.

Başga bir tarapdan bolsa saýlaw okrugy boýunça dalaşgärleriň sany az bolsa, onda olar saýlanmaklyk üçin gereginden artyk ses alyp bilýär we bu artykmaç sesleriň bolsa partiýalar üçin hiç hili ähmiýeti bolmaýar. Has dogrusy, olar şol sesleri oýlanyşykly peýdalanyp, başga ýene-de bir dalaşgäriň saýlanmaklygy üçin ulansalar peýdaly bolýar.

Diýmek, saýlawçy köp mandatly saýlaw okruglary boýunça býulletende dalaşgärleriň umumy sanawnamasyny saýlaman, köp mandatly saýlaw okrugyndan bir ýa-da birnäçe dalaşgäriň tarapyna aýratynlykda ses berýär.

Netijede, saýlaw okrugynda partiýalaryň kesgitlän deputatlary saýlanylman, saýlawçynyň öz sesi bilen gös-göni saýlan deputaty saýlanylýar. Şonuň üçin hem bu usul ýarym proporsional saýlaw ulgamy diýlip atlandyrylýar.

Artykmaç sesleri başga dalaşgäre bermek, Saýlaw ulgamynyň bu görnüşi saýlawlary geçirmekligiň iň bir adalatly ulgamy hasaplanylýar, ýagny saýlawçylaryň özleriniň gös-göni ses bermegi netijesinde we proporsional esaslarda partiýalaryň wekilçiligi esasynda amala aşyrylýar.

Ýöne bu ulgamyň giňden ulanylmazlygy ses bermegiň netijelerini takyklamagyň kyndygy bilen baglanyşykly bolup durýar.

Partiýalar köp mandatly saýlaw okrugy boýunça dalaşgärleri gerek bolan möçberde hödürleýärler. Ýagny her partiýa näçe gerek bolar diýip hasap eden sanlarynda dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

Saýlawçy ses bermäge gatnaşanda mažoritar ulgamdaky ýaly hereket edýär. Saýlawçy iň makul görýän dalaşgärleriniň familiýasynyň deňinde birinji belligi edýär, soňra indiki dalaşgäriň deňinde ikinji belligi edýär we soň hem şonuň ýaly tertipde dowam edip bilýär.

Ses beren saýlawçylaryň umumy sany ýa-da hakyky býulletenleriň jemi sany anyklanylandan soňra saýlaw kwotasy kesgitlenilýär. Soňra sesler dalaşgärleriň hersi boýunça aýratynlykda sanalýar we iň köp ses alan birinji dalaşgäriň kimdigi anyklanylýar hem-de bellenen sandaky sesleri (kwotany) alyp bilen dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Adatça, iň köp ses alan birinji dalaşgär bellenen kwotadan ýokary, ýagny gerek bolmadyk artykmaç sesleri alýarlar. Şol artykmaç sesler bolsa kwotany alyp bilmedik we makul hasap edilýän ikinji dalaşgäre berilýär.

3. Garyşyk saýlaw ulgamy, haçan-da şol bir wekilçilikli palatanyň saýlawlarynda dürli saýlaw ulgamlary ulanylanda, ýagny mažoritar we proporsional saýlaw ulgamynyň aýratynlyklarynyň birleşmesi arkaly saýlawlar geçirilende ýüze çykýar.

Bu görnüş, adatça, dürli ulgamlaryň önjeýli we bähbitli taraplaryny birleşdirmek bilen we olaryň kemçiliklerini aradan aýyrmak ýa-da öwezini dolmak bilen baglylykda ulanylýar.

Saýlaw ulgamynyň bu görnüşi Germaniýada Bundestagyň saýlawlarynda we beýleki birnäçe ýurtlarda, şol sanda Russiýa Federasiýasynda ulanylýar.

Garyşyk saýlaw ulgamynda bir mandatly saýlaw okrugynda dalaşgäriň tarapyna göni ses berip bolýar, federal (köp mandatly) saýlaw okrugynda bolsa islendik partiýanyň sanawnamasynyň tarapyna ses berip bolýar.

Şeýlelikde, halkara tejribelerinde her döwlet saýlawlarda özüniň syýasy durmuşyna mahsus hasap eden saýlaw ulgamyny hem-de sesleriň köplügini ulanýar.

 

Maksatmyrat Geldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.