TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ HOŞNIÝETLI DAŞARY SYÝASATY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerine eýermek bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwür içinde halkara derejede uly abraý gazandy. Ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň üstünlikli daşary syýasatynyň ykrarnamasy boldy. Bitaraplyk ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň, şeýle hem dawalaryň öňüni almagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertidir.

Meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmek biziň ata-baba ýol-ýörelgämizdir. Munuň şeýledigini käbir eserler hem subut edýär. Ýagny, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Adamzat döräli bäri, ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolup durýar» diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen bagly ähmiýeti dogrusynda söz açylýar. XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda ýaşap geçen meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşy hakynda döredilen sungat eserlerde halkymyzyň ýol-ýörelgeleriniň döwrebap meseleleri çözmekdäki orny açylyp görkezilýär. Agzalan gymmatly kitap hor­matly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli çuňňur paýhasly pikirleriniň özboluşly beýanydyr. Kitapda parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň türkmen nusgasy açylyp görkezilýär.

Halkymyzyň arasynda «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen filosofiki manyly pähim bar. Özüniň aýdyň maksatlaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirlendir. Şol syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar. Hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyna itergi berýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde durnuklulygy we howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmekde, şeýle hem ýurtlaryň arasynda durnukly ösüşi ýola goýmakda oňyn ähmiýete eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylygy, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyna, şeýle hem Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerinde, durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berýär. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda toplan tejribesi we iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen Türkmenistan ekologiýa, ulag-üstaşyr we energetika meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen wajyp başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şeýle hem Türkmenistanyň durnukly ösüş ulgamyndaky ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde öňbaşçy bolup durýandygyny bellemeli. Ýurt Baştutanymyz tarapyndan soňky ýyllarda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak we olary durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli we halkara ähmiýetli ulag aragatnaşyk, energetika, suw üpjünçiligi, senagat desgalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny aňlatmak bilen birlikde, ähliumumy parahatçylygyň  we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň täze belent sepgitlerini görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda geçilen 25 ýyllyk ýolda biziň döwletimiz öz borçlaryna abraý bilen amal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň iň ynamdar hyzmatdaşyna öwrüldi. Çünki, Hemişelik Bitaraplyk, sada dilde aýdanyňda, ähli halklar bilen parahatçylykly  gatnaşmak biziň ata-babalarymyzyň baş arzuwy bolupdyr. Asla biziň halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary, goňşuçylyk däplerini alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bu babatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň özboluşly milli häsiýetlerine, dünýägaraýşyna kybapdaş gelýändigi aýratyn bellemeli ýagdaýdyr.

Hemişelik Bitaraplyk ýaş döwletimiziň, halkymyzyň parahat durmuşunyň geljek ýüzýyllyklardaky röwşen ykbalynyň gönezligidir.

Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. Şu ýörelgäniň esasynda Bitaraplyk derejämiz bu gün ýer ýüzünde özüniň dabaralanmasyny tapdy, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Bitaraplyk rahat durmuşyň kepillendirilmesidir, ertirki asuda güne bolan ynamdyr. Bitaraplyk öz Watanyňa, halkyňa guwanmakdyr, buýsanmakdyr. Halkymyz her ýylyň 12-nji dekabryny – Halkara Bitaraplyk gününi uly şatlyk, şowhun bilen belleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky  Kararnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 25 ýyllygynyň  giňden bellenilýän ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy bolsa halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Bu ýyl mynasybetli ylhamy joşan şahyrlarymyz ajaýypdan-ajaýyp goşgular, şirin owazly bagşylarymyz köňlüňi heýjana getirýän labyzly aýdymlary döredip, Türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhratyny has-da belende göterýärler.

Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hemişe ak ýollarda ýurdumyzy beýik menzillere ýetirsin.

                                                                               

Bezirgen Garaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň başlygynyň kömekçisi.