Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň jemleýji 4-nji mejlisini geçirdi. Şol mejlisde agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň makullanyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlenmegi örän uly taryhy waka boldy. Bular barada gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýewe ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoly saýlap alandygyny buýsanç bilen nygtamak gerek. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirip, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan we demokratik özgertmeler ýoly bilen batly depginlerde öňe ilerletmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiziň bu umumymilli forumyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak arkaly hil taýdan täze, iki palataly Parlamenti döretmek barada öňe süren taryhy başlangyjy halkymyz tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şondan bäri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Konstitusion toparyň hem-de onuň ýanynda döredilen iş toparynyň birnäçe mejlisleri geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirilmegi il-halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Konstitusiýa giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar il-ýurt bähbitli möhüm meseleleri düzgünleşdirer. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň işlenilip, çap edilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Bu taslama öňde goýlan wezipeleriň esasynda we gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar demokratiýa, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanan raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkitmegiň, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, ony döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere hem-de hukuk kadalaryna laýyk getirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasy – bu döwlet gurluşynyň özenini, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň döredilmeginiň, iş alyp barmagyň tertibini hem-de ýörelgelerini kanunlaşdyrýar. Şeýle hem saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň binýadyny, gurluşyny, Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy hukuklaryny we borçlaryny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň gurluşyny, ygtyýarlyklaryny kesgitleýän Esasy Kanundyr.
Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe süren taryhy başlangyjy halkymyzyň doly goldawyna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň teklipleriniň, başlangyçlarynyň hiç biriniň hem ünsden düşürilmeýändigine, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy awgustynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň jemleýji mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden taryhy çykyşynda: «Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdyr» diýip belledi.
Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Halk köpçüligi milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky, Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldady. Raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, öz tekliplerini berdiler. Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin döwlet Baştutanymyzyň ähli mümkinçilikleri, amatly şertleri döredip berendigini nygtasak ýerlikli bolar.
Milli Parlamentimiziň Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti barada Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň hem raýatlarymyz tarapyndan doly goldanylmagy bellärliklidir. Şeýle hem welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek we Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň taslamada beýan edilen tertibiniň hem makullanylmagy raýatlarymyzyň ähli teklipleriniň doly nazara alnandygyny aňladýar. Şeýle-de, Kanunyň taslamasynda şol bir adamyň bir wagtda Halk Maslahatynyň ýa-da Mejlisiň palatasyna saýlanmagyna ýol berilmeýändigi barada kadanyň hem girizilendigini bellesek ýerlikli bolar.
Şeýle hem mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň Kararyna gol çekdi. Bu ýatdan çykmajak taryhy pursatlarda gol çekilen Karara laýyklykda, Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň umumylykda gutarnykly tamamlanandygy barada aýdyldy. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny makullamak üçin şu ýylyň sentýabr aýynda boljak Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemek, makullanylan halatynda ony Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemek bilen bagly öňde durýan anyk wezipeler hem kesgitlenildi.
Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň täze ulgamynyň kemala gelmegi bilen raýatlarymyzyň saýlanmaga we saýlamaga bolan konstitusion hukuklaryndan erkin peýdalanyp, ýurduň wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen, döwleti dolandyrmaga giňden gatnaşmaklary üçin täze konstitusion hukuk şertleri üpjün ediler. Bu konstitusion özgertmeleriň baş maksady demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny häzirkiden hem pugtalandyrmaga hem-de durmuş ugurly maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasy bilen birlikde, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem Saýlaw kodeksini kämilleşdirmek, ýagny olara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatynda alnyp barylýan işleriň gönüden-göni halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň demokratik esaslaryny ösdürmäge gönükdirilendigini hem aýratyn nygtamak bolar.
Milli Liderimiziň saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan hem degişli işler geçirilýär. Has takygy, Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň netijesinde milli Parlamentiň iki palataly ulgama geçirilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak işleri guramaçylykly amala aşyrylýar.
Goý, beýik özgertmeleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, halk bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.