TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ YNAMLY GADAMLARY

Ata Watanymyzda şu ýylyň 27-nji sentýabrynda ýurdumyzyň baş baýramy – döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy ruhubelentlikde we dabaraly, buýsançly belleniler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar, kalby joşgunly raýatlary özleriniň iň naýbaşy baýramyna – mukaddes Garaşsyzlyk toýuna uly üstünlikler bilen barýar.

Türkmen halkyny özbaşdaklyga, erklilige, erkanalyga ýetiren Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly başlangyçlary, maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda ägirt uly ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň abraý-mertebesi halkara derejesinde belende göterildi.

Türkmen halky öz erk-islegini beýan edip, öz ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alyp hem-de milletleriň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, 29 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkyň buýsanjyna öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, Garaşsyzlyk bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Milli Liderimiziň ýiti zehininiň, ýadawsyz zähmetsöýerliginiň, giň dünýägaraýşynyň, halkara başlangyçlarynyň oňyn netijeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da aýdyň şöhlelenýär. Bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyk hökmünde sarpalaýar.

Garaşsyz döwletimiziň binýadynda ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza, halkara ýörelgelere esaslanýan döwlet we hukuk ulgamynyň, demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler gazanylýar.

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Soňky ýyllarda halkymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm ähmiýetli kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ençemesiniň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer baştutanlygy esasynda Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.

Bu döwletli başlangyjyň netijesinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň işlenip düzülmegi we metbugatda çap edilip, giň halk köpçüligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy, uly goldawa mynasyp bolmagy döwletimiziň syýasy durmuşynda il-ýurt bähbitli möhüm waka boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak  we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda karary kabul edildi.

Kämilligiň belentliklerine tarap aýgytly gadam urýan bu başlangyç barada milli Liderimiz özüniň çuň manyly çykyşynda: «Amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr» diýip nygtady.

Häzirki wagtda Garaşsyz döwletimiz abraýly halkara guramalary we döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini hem-de giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Goý, mähriban halkyny baky bagta ýetirip, ýurdumyzyň halkara abraýyny belent derejelere göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.