TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

12-nji DEKABR — HALKARA BITARAPLYK GÜNI

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy dabaraly bellenilip geçiler. 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk günüdir. Çünki, 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul etdi. Munuň özi biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň  aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde dünýä halklarynyň bähbitlerini araýan teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň has-da berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňden ýaýramagyna oňyn ýardam berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlygynyň gerimini giňeldýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda halkara maslahatlary, forumlar, medeniýet günleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, olarda diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň açylmagy, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň resmi taýdan hasaba alynmagy hem-de Diýarymyzyň halkara guramalarynyň agzasy bolmagy örän buýsançly ýagdaýdyr. Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda  hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti  örän uludyr.

Bitarap ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde we amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Şeýle hem ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolýandygyna 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021—2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna» gol çekilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.

Şoňa baglylykda, Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşyklydyr we ol ýurtlaryň ähli düzümleri bilen giň möçberli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrmakda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýar.