Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ösüşi demokratik ýörelgelere esaslanýar we halkara abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da çuň demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz Türkmenistanda geçirilýän saýlawlarda hem ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň – Konstitusiýasynyň hukuk kepillikleri, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalarynyň kadalary berjaý edilip, raýatlaryň saýlaw hukugyny üpjün etmek we goramak çäreleri umumy ykrar edilen halkara talaplaryna laýyk derejede guralýar.
Halkara resminamalaryna ser salanymyzda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we saýlawlar hakyndaky kanunçylyk esasynda kepillendirilmelidiginiň şertlendirilendigini görmek bolýar.
Biziň ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik saýlawlary geçirmegiň umumy ykrar edilen kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda goralýar hem-de üpjün edilýär.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen we döwrebap derejede kämilleşdirilýän Esasy Kanunymyzyň V bölümi «Saýlaw ulgamy, sala salşyk» diýlip atlandyrylandyr we onda saýlawlary, sala salşyklary geçirmegiň esasy, ýagny umumy düzgünleri beýan edilýär.
Şeýle-de, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen, soňra birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, häzirki wagtda 17 bölümden, 3 bapdan we 92 maddadan ybarat bolan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda bolsa, saýlawlary, sala salşyklary geçirmegiň düzgünleri giňişleýin we her bir saýlawlaryň, sala salşyklaryň aýratynlygy boýunça kesgitlenilendir.
Şeýle-de, Konstitusiýamyzyň 9-njy maddasynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 2-nji maddasynda bolsa, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalarynyň ulanylýandygy beýan edilýär.
Munuň özi raýatlarymyzyň hukuklarynyň, şol sanda saýlaw hukuklarynyň milli hem-de halkara hukuk namalaryna laýyklykda üpjün edilýändigini görkezýär.
Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Saýlaw kodeksinden we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Indi bolsa ýurdumyzda hereket edýän saýlawlar bilen baglanyşykly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary barada durup geçeliň.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksini, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini hem-de Türkmenistanyň Zähmet Kodeksini aýtmak bolar.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiniň degişli maddalary esasynda saýlaw hukugynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň tertibi kesgitlenilýär. Olar birnäçe maddalardan ybaratdyr. Şolaryň birini mysal getirenimizde, onda şu düzgünler kesgitlenilýär:
66-njy madda. Saýlaw hukugynyň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi.
1. Raýatlaryň saýlawçylaryň sanawlary bilen tanyşmaga bolan hukugyny bozana, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň raýatynyň saýlamak we saýlanmak hukugynyň erkin amala aşyrylmagyna päsgel berene-fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň wezipe ýa-da gulluk ýagdaýynyň artykmaçlygyndan peýdalanylyp edilenligi üçin binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilýär.
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksinde hem onuň degişli maddalary esasynda saýlaw hukugynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň tertibi kesgitlenilýär. Oňa şu maddalary mysal getirmek bolar:
149 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna päsgel bermek.
Zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny erkin amala aşyrmagyna päsgel berene, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit berene ýa-da ony bermäge gatnaşana, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
150 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny bozmak.
Saýlaw toparynyň agzasy tarapyndan ses bermegiň gizlinligini bozmak, saýlaw resminamalaryny galplaşdyrmak, görnetin ýalan resminamalary düzmek we bermek, sesleri görnetin nädogry sanamak ýa-da ses bermegiň jemlerini görnetin nädogry takyklamak, saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerini kesgitlemegi görnetin nädogry amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň bozulmagy üçin, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde hem saýlaw hukugy bilen bagly şu düzgün kesgitlenilendir:
145-nji madda. Döwlet ýa-da jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda işgärler üçin kepillendirmeler.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça borçlar iş wagtynda amala aşyrylyp bilinýän bolsa, onda işgärlere döwlet ýa-da jemgyýetçilik borçlary ýerine ýetirilende iş ýeriniň (wezipesiniň) we ortaça zähmet hakynyň saklanmagy kepillendirilýär.
Döwlet ýa-da jemgyýetçilik borçlary iş wagtynda ýerine ýetirilende has takygy, saýlaw hukugy amala aşyrylanda, ortaça zähmet haky we iş ýeri (wezipesi) saklanylýar:
Saýlaw hukugyny düzgünleşdirmek barada aýdylanda, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmegiň tertibini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasy tarapyndan saýlawlar boýunça gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň taýýarlanylýandygyny hem belläp bolar.
Muňa mysal edip aýdanymyzda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň karary bilen: «Synçylary, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellemegiň we bellige almagyň tertibi hakynda»; «Saýlaw toparlarynyň düzümini düzmegiň tertibi hakynda»; «Teleradio ýaýlymlarynda hem-de köpçülikleýin habar beriş neşir serişdelerinde wagyz işleriniň geçirilişiniň tertibi hakynda»; «Saýlawlary, sala salşyklary maliýeleşdirmegiň tertibi hakynda»; «Gözegçilik-derňew toparynyň guramaçylyk we iş tertibi hakynda» düzgünnamalar tassyklanyldy.
Bu aýdylanlar, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukugyny düzgünleşdirmek we üpjün etmek işleriniň döwrebap derejede alnyp barylýandygyny äşgär edýär.
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.