Hormatly Prezidentimiziň ählumumy howpsuzlygy, ýurtlaryň we halklaryň abadançylygyny hem-de asudalygyny saklamak ugrundaky halkara başlangyçlary dünýäde uly gyzyklanma bilen garşylanýar. Çünki, ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleriniň ählisi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirilendir. Munuň özi halkara wezipeleri özara düşünişmek we ylalaşmak arkaly çözmekde, sebitde hem-de dünýäde ählumumy abadançylygy, parahatçylygy gazanmakda giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli we işjeň gatnaşyp, onuň mejlislerinde sebit we dünýä ähmiýetli oňyn halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligi hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, sebitara, umumadamzat bähbitli öňe süren tekliplerinde-de has aýdyň duýulýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň özboluşly dabaralanmasy boldy. BMG-niň Kararnamasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Bu asylly ýörelgeler biziň ata-babalarymyzdan galan edep-kadalarymyzyň gözbaşydyr. Yklymda hemişelik Bitarap döwlet, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiz diňe bir parahatçylyk söýüji ýurt bolup tanalman, eýsem, parahatçylygy dörediji, ösdüriji we berkidiji döwlet hökmünde hem tanalýar.
Ak mermerli paýtagtymyzda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň geçirilip durulmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmek ugrunda netijeli orun eýeleýändigini aýdyň tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň dünýä halklary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukuklylygyň we agzybirligiň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen netijeli işleri dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna mynasyp bolýar.
Hawa, şu ýylyň dekabr aýynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy giňden we dabaraly belleniler. Munuň özi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada dünýäniň halkara guramalaryň maksatlaryny durmuşa geçirýän abraýly ýurtdugyny ýene bir gezek dünýä subut eder.