Hemişelik Bitaraplygyň türkmen halky üçin örän kän oňyn ähmiýeti bardyr. Mysal üçin, döwletimiziň häzirki zaman ösüşi hemişelik Bitaraplyk taglymaty bilen aýrylmaz baglydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli maksatnamalarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Şol maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa, tutuş dünýäde ösüş arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň düzüm bölekleriniň üpjün edilmegine hem-de ählumumy ösüşe oňyn täsir edýär. Şunda türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda: «Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr» diýip, aýratyn belläp geçmegi-de doly subut edýär.
Biziň ýurdumyz hemişelik Bitarap döwlet hökmünde diňe bir özüniň halkara borçlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukugynyň ösüşine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyň halkara energetika we ulag hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň halkara hukugynyň ösüşine goşandynyň uludygyny subut edýär. Muňa milli Liderimiziň halkara ähmiýetli syýasy-ykdysady başlangyçlaryny mysal getirmek bolar. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty», 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2017-nji ýylda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini nygtamak ýerliklidir.
Energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmegiň, halkara ulag geçelgelerini döretmegiň, ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamlaryny toplumlaýyn ösdürmegiň syýasy we kanunçylyk taraplaryny şöhlelendirýän bu halkara resminamalarynyň kabul edilmeginde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratyn uly ähmiýeti bardyr.