TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARY DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ESASYNDA GEÇIRMEGIŇ HALKARA HUKUK ESASLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda beýleki  ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamyna içgin üns berilýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere, halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär hem-de saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär. Şeýlelikde bolsa, döwletimiziň syýasy ösüşiniň demokratik ýörelgeleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmen halky taryhy döwürlerde hem maslahatlaşmak, sala salmak, ses bermek arkaly il içinde uly abraýa, hormata, ynama eýe bolan düşünjeli adamlary wezipeli orunlara saýlapdyr. Munuň özi bolsa türkmen milletiniň taryhy demokratik ýörelgeleriniň kämil derejede bolandygyny we halkyň erk-isleginiň goralandygyny görkezýär.  Geçmiş taryhymyza  nazar aýlasak, zanny, erki hem durky bilen demokrat bolan türkmenleriň öten eýýamlarda hem erkin we aç-açan saýlawlary geçirendiklerini aýdyň görmek bolýar.

 Demokratiýa – halk häkimiýeti diýmekdir. Demokratik ýörelgelere eýermeklik diýmek bolsa, döwlet häkimiýetiniň  halkyň gatnaşmagynda döredilýänliginiň ykrar edilmegidir. Bu kada Türkmenistanyň   Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda “Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Ol öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar” diýlen görnüşde beýan edilendir. Türkmen halkynyň «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýip, örän jaýdar aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň durmuşynda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenleriň taryhy durmuşynda geçirilen geňeşlerde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde çopanyňam, kethudanyňam ses bermek hukugy bolupdyr. Has takygy, saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri, ýagny adalatlylyk, açyklyk, deňlik, bäsleşik wezipeli adamlary saýlamaklygyň esasy ugry saýylypdyr we bu demokratik esaslar doly derejede ýerine ýetirilipdir.

Türkmen kethudalarynyň, ýaşulularynyň we ýönekeý adamlaryň hemmesiniň  deň şertlerde ýaşandygy, bu deňlik diňe bir erkek kişileriň arasynda däl-de, eýsem aýallaryň arasynda hem ýörgünli bolupdyr.

Taryhy çeşmelerde ýazylan «Türkmen jemgyýetinde aýallar öz maşgalalarynyň içinde örän täsirli bolýar we öz kowumlarynyň umumy işlerinde edil erkekler ýaly sözüni geçirip bilýär» diýlen jümlelere ser salanyňda, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň syýasy meseleleriň çözülmegine gatnaşandyklaryny, gender deňliginiň – deňhukuklylyk şertleriniň hemişe-de goralandygyny aýdyňlygy bilen bilmek bolýar.

Şol deňhukuklylyk, adalatlylyk ýörelgeleri halkyň öz saýlan wekilleri tarapyndan üpjün edilipdir. Bu aýdylanlara käbir anyk wakalar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Bu wakalar rowaýata öwrülip we dilden dile geçip, halkyň aňyna siňipdir.

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-parasat bilen belläp geçişi ýaly, «Türkmenistanyň saýlaw ulgamy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýar».

Demokratiýanyň esasy aýratynlygy adamyň we döwletiň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ähli dolylygynda Esasy Kanunda kepillendirilmegidir. Adam we raýat hukuklarynyň içinde bolsa, aýratyn orun her bir raýatyň demokratik  ýörelgelere laýyklykda döwlet häkimiýetiniň dolandyrylyşyna deňhukukly gatnaşyp bilmekligine degişlidir.  Bu hukugyň hakykat ýüzünde amala aşyrylmaklygy bolsa, öz gezeginde, döwletde ulanylýan saýlaw hukugynyň kämillik derejesi bilen, onuň hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Dünýäniň jemgyýetçilik durmuşynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kanun esasynda goramak maksady bilen, halkara guramalary bilen işlenilip taýýarlanylan döwlet häkimiýet edaralarynyň saýlawlaryny geçirmegiň standartlaryna gyzyklanma ösüp başlaýar. Elbetde, bu kanunçylyklar diňe belli bir döwlet üçin däl-de eýsem halkara derejesinde ykrar edilen kadalardyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Pariž şäherinde kabul edilen Adam hukugynyň ählumumy jarnamasynyň 21-nji maddasynda adam hukuklarynyň saýlawlar bilen baglanyşykly şu aşakdaky düzgünleri bellenilýär.

“1. Her bir adamyň öz ýurduny dolandyrmaga gönüden-göni ýa-da bolmasa erkin seçilen wekilleriň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bar.

 2. Her bir adamyň öz ýurduny döwlet gullugynyň elýeter bolmagyna hukugy bar.

 3. Halkyň erk-islegi hökümetiň häkimiýetiniň esasy bolmaly; şol erk-isleg döwürleýin we galplaşdyrylmadyk saýlawlarda öz beýanyny tapmaly, olar ählumumy we saýlaw hukugynyň bolmagynda, gizlin ses bermek arkaly ýa bolmasa ses bermegiň azatlygyny üpjün edýän beýleki barabar görnüşler arkaly geçirilmeli”.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan  1966-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Nýu-Ýork şäherinde kabul edilen Raýatlar we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygyň 25-nji maddasy bilen, her bir raýatyň hukugy we mümkinçiligi hiç bir kemsidilmesiz kepillendirilýär:

“Halkara ylalaşygyň 2-nji maddasynda bellenilişi ýaly, her bir raýatyň haýsydyr bir kemsitmesiz we esaslandyrylmadyk çäklendirmeler bolmazdan şulara hukugy we mümkinçiligi bolmaly:

a) döwlet işlerini ýöretmäge göni bolşy ýaly, şeýle hem erkin seçilip alnan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaga;

b) ählumumy we deň saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek mahaly geçirilýän we saýlawçylaryň erk-isleginiň azat beýan edilmegini üpjün edýän hakyky döwürleýin saýlawlarda saýlamaga we saýlanylmaga;

ç) öz ýurdunda umumy şertlerde döwlet gullugynyň elýeter bolmagyna”.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1965-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherine kabul edilen jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasynyň 5-nji maddasynda şu düzgünler beýan edilýär:

“Şu Konwensiýanyň 2-nji maddasynda beýan edilen esasy borçnamalara laýyklykda, gatnaşyjy döwletler jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini gadagan we ýok etmäge hem-de jynsyna, teniniň reňkine, milletine ýa etniki aslyna garamazdan, her bir adamyň kanun öňünde deňligini, aýratyn-da, aşakda görkezilen hukuklary amala aşyrmak babatda üpjün etmäge borçlanýar:

...

ç) syýasy hukuklar, hususan-da, ählumumy we deň saýlaw hukugy esasynda saýlawlara gatnaşmak – ses bermek we sese goýulmak hukugy, ýurdy dolandyrmak, hut şonuň ýaly-da islendik derejede döwlet işlerine ýolbaşçylyk etmek hukugy, şeýle hem döwlet gullugynyň deň derejede elýeter bolmagyna hukuk”

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1979-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherine kabul edilen Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasynyň 7-nji maddasynda şu aşakdaky düzgünler beýan edilýär.

“Gatnaşyjy döwletler ýurduň syýasy we jemgyýetçilik syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda aýallar baradaky kemsitmäni ýok etmek boýunça ähli degişli çäreleri görýär we hususan-da, aýallara:

a) ähli saýlawlarda we sala salyşyklarda ses bermek hem-de ähli köpçülikleýin saýlawly edaralara saýlanmak;

b) hökümetiň syýasatynyň kesgitlenilmegine we amala aşrylmagyna gatnaşmak we döwlet wezipelerini eýelemek, şeýle hem döwlet dolandyryşynyň ähli derejelerinde ähli döwlet wezipelerini amala aşyrmak;

ç) ýurduň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynyň meseleleri bilen meşgullanýan, hökümete dahylly däl guramalaryň we birleşmeleriň işine gatnaşmak hukugyny erkekler bilen deň şertlerde üpjün etmek”.

Şeýle hem şol ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky Konwensiýada aşakdaky düzgünler beýan edilýär:

“1-nji madda

Aýallaryň ähli saýlawlarda hiç hili kemsitmesiz erkekler bilen deň şertlerde ses bermäge hukugy bar.

2-nji madda

Aýallar milli kanun bilen bellenilen, açyk saýlawlaryň geçirilmegini talap edýän ähli edaralara hiç hili kemsitmesiz, erkekler bilen deň şertlerde saýlanylyp bilner”.

Saýlawlary kanuna we halkara standartlaryna laýyklykda geçirmegiň usullary özünde birnäçe demokratik ýörelgeleri jemleýär. Şonuň esasynda-da ýurtlarda saýlawlaryň geçişiniň aýanlygyna, hakykydygyna hem-de adalatlydygyna baha berilýär.

Saýlawlary demokratik ýörelgelere we halkara standartlaryna laýyklykda geçirmegiň kadalary:  ählumumy saýlaw hukugy, deň saýlaw hukugy, göni saýlaw hukugy, gizlin ses bermek, yzygiderli we hökmany saýlawlar, açyk we aýan saýlawlar, erkin saýlawlar, hakyky saýlawlar, adalatly saýlawlar.

Milli Liderimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir hem-de jogapkärçilikdir. Çünki, her bir raýatyň erkin we meýletin berýän sesi ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir.

 

Bezirgen Garaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň başlygynyň kömekçisi.