Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:Çärýek asyr bäri Bitaraplyk Türkmenistan üçin öz döwletliliginiň, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esaslarynyň biri bolup durýar.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Ýurdumyz uly tagallalaryň netijesinde hemişelik Bitaraplygyň çärýek asyrlyk baý tejribesini toplady. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýip yglan edilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu taryhy senäni has-da dabaralandyrmaga, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge ýardam edýär.
Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki eýeleýän täsirli orny gün-günden berkeýär. Sebäbi, hormatly Prezidentimiz diňe bir sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen däl-de, eýsem abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmen Bitaraplygy – bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr!» diýip belleýär.
Çünki, Türkmenistanyň durnukly ösüşe, umumadamzat abadançylygynyň özara arabaglanyşygyna bolan garaýyşlary BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlary bilen juda kybap gelýär. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde toplan baý tejribesi Ýer ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu gurama bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy we onuň mejlislerine gatnaşýar. Şu jähetden, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary esasynda dünýä ähmiýetli birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasy ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr.
Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Onuň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, geosyýasy we geoykdysady bähbitlere salgylanmak esasynda ýurtlaryň arasynda ýokary derejeli gepleşikleri ýola goýmakda wajyp binýat hökmünde çykyş edýär.
2020-nji ýylyň aprel aýynda döwletimiziň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň şeýledigini 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň we 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy doly tassyklaýar.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda hem-de 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam edýändiginiň ykrarnamasydyr.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny tassyklaýar. Bu halkara resminamasynyň kabul edilmeginde dünýäniň 73 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Şol maslahatda Arkadag Prezidentimiz eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar» diýip belledi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň synmaz sütüni bolmak bilen, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim- parasadyna ýugrulan tutumly işleri netijesinde halkymyzyň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan Bitaraplyk taglymaty has giň göwrümde ykrar bolýar. Şu ykrarnamanyň netijesi hökmünde halkymyzyň, döwletimiziň buýsançly, joşgunly, bagtyýar durmuşy eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýyllardan ýyllara uzap gitsin.
Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de hemişe rowaç alsyn!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.