TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TARYHY KARARNAMALAR

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň ykrar etmegi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy kararnamalar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhyna we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanyp kabul edilen kararnamalardyr.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda türkmen halkynyň milli baýramy hökmünde belleýän Bitaraplyk gününi, ýagny 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Kararnama kabul edilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň bütin adamzadyň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmegiň hatyrasyna hyzmat edýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hoşniýetli Bitaraplygymyzyň kökleri türkmen halkynyň gadymy taryhyndan gözbaş almak bilen, milletiň aňyýetine, ruhy dünýäsine we ahlak gymmatlyklaryna berk ornaşan ýörelgedir. Merdana pederlerimiz bu ýörelgä hemişe ýokary baha beripdirler. Olar hut şeýle ýörelgäniň esasynda Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy baky berkarar edip bolar diýen beýik düşünjä eýeripdirler. Olaryň dünýäde guran döwletleriniň ählisi-de, ynsan durmuşyna, ömrüne, ykbalyna hyzmat edipdir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ata-babalarymyzyň şol ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary yzygiderli ýola goýýar, ösdürýär we berkidýär. Munuň özi  ata-babalarymyzyň ruhuna siňen hoşmeýilli gatnaşyklaryň, goňşuçylyk diplomatiýäsynyň halkara derejesinde gaýtadan dikelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

A.Akmyradow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.