TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK ÖZGERTMELERI

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji, pähim-parasatly, ynsanperwer başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän täsirli orny barha berkeýär. Watanymyz uly üstünliklere, ösüşlere, belent sepgitlere beslenip, onuň şanly seneleri taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, gülläp ösýän ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şu şatlykly günlerimizde döwletimiziň naýbaşy baýramynyň biri – Türkmenistanyň Bitaraplyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen ruhubelentlikde belleniler.

Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz halkymyza öz ykbalyny özi çözmäge, dünýädäki alys hem-de goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.   

Kalplary nurlandyrýan bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde, ýagny, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan demokratik, konstitusion özgertmeler biziň döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, berk hukuk binýatlygymyzyň mizemezliginiň aýdyň şaýady bolup, asuda asmanyň astynda halkymyza egsilmez ruhy güýç berýär.

Uzak bolmadyk geçen taryhy döwür Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň saýlanyp alynmagynyň dogrudygyny hem-de derwaýysdygyny görkezdi. Bu ugur türkmen halkynyň milli bähbitlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin  wezipelere, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň makullanylmagy, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Konstitusion kanunyň kabul edilmegi maslahatyň taryhy ähmiýetini görkezýär. Şu aýdylanlar bilen baglanşykly Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýene bir resminamany – «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» karary kabul etdi.

Şol karar esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, geçirmek bellenildi. Ýagny, bu saýlawlar 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň taryhy-hukuk kanunalaýyklygy emele getirmekde orny uludyr. Ata-babalarymyz halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işiň halk bilen maslahatlaşylyp çözülmeginiň tarapdary bolupdyrlar. Ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Parlamentiň) iki palataly ulgama geçmegi bilen baglanyşykly amala aşyrylan konstitusion özgertmeler hem milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň beýanydyr.

Raýatlaryň bähbitlerine, demokratiýanyň kämilleşmegine, halk häkimiýetiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen bu konstitusion özgertmeler jemgyýetiň syýasy ulgamynyň özgermegi hem-de milli Parlamentimiziň ösüşi üçin zerur şertleri döredýär.

Çünki, mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek üçin parlamentarizmiň  dünýäde toplanan tejribesiniň iň gowy düzgünlerini goldamak we milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän özgerişliklere çydamly, kämil kanunçylyk ulgamyny kemala getirmekde we berkitmekde örän ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini gös-göni amala aşyrmagy halkyň saýlawlara, sala salşyklara işjeň we erkin gatnaşmagydyr. Demokratik esasda hemme wekilçilikli edaralaryň saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň berkdiginiň, jemgyýetiň, döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň öz konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirmegi babatynda raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr.

Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça  gazanylan üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň durýandygy biziň her birimiz üçin belent buýsançdyr.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary derejelere çykarmak ugrunda alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.