Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Şol geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň baý tejribesini toplady. 2020-nji ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu taryhy senäni has-da dabaralandyrdy, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan sebit we dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ol ilkinji nobatda, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlary Türkmenistanyň milli ösüş we umumadamzat abadançylygynyň özara arabaglanyşygyna bolan garaýyşlary bilen kybap gelýär.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu gurama bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy we onuň mejlislerine gatnaşýar. Şu jähetden, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary esasynda dünýä ähmiýetli birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasy ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr.
Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Onuň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda ýokary derejeli gepleşikleri ýola goýmakda wajyp binýat hökmünde çykyş edýär.
2020-nji ýylyň aprel aýynda döwletimiziň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň şeýledigini 2019 — 2021- nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň we 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy doly tassyklaýar.
Häzirki zamanyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we olary çözmekde Türkmenistanyň oňyn we işjeň garaýyşlary ýurdumyzyň özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de ähli döwletleriň we halklaryň bähbitlerini goramak babatynda ýardam ediji döwlet bolmak bilen, dünýä ösüş ýagdaýlaryna doly hukukly agza hökmünde gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda hem-de 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam edýändiginiň ykrarnamasydyr.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny tassyklaýar. Bu halkara resminamasynyň kabul edilmeginde dünýäniň 73 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi.
Şeýle mazmunly halkara resminamalaryň kabul edilmegi bolsa, Türkmenistanyň Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmakdaky ýörelgesiniň hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesiniň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.