Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada Rezolýusiýalar kabul edildi. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly üstünligine, döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyna halkara jemgyýetçiliginiň beren ýokary bahasyna we hormatyna şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan geçen ýyllaryň içinde bütin adamzada özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde görkezdi, asudalygy, howpsuzlygy gorap saklamak, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda erk-islegini subut etdi.
1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny we 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji we 9-njy maddalarynyň kadalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli hukuk esaslaryny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty täze esaslara eýe bolýar. Ol has-da döredijilikli ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär, dünýä jemgyýetçiligi üçin bütindünýä ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemekde ýardam beriji güýje öwrülýär. Parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy boýunça Garaşsyz döwletimiziň başlangyçlary esasynda we onlarça döwletleriň awtordaş bolmagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dürli ýyllarda Rezolýusiýalaryň ençemesini kabul etdi. Munuň özi hemişelik Bitaraplygyň diňe bir hukuk ýagdaýy bolmak bilen çäklenmän, eýsem berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşiň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk maksatlaryny durmuşa geçirmekde netijeli ýoldur.
Döwletimiz hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, taraplara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirýär. Şu işler Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Bu halkara guramasyna agza bolan ilkinji gününden başlap, döwletimiz öz syýasatyny umumyadamzat bähbitlerini halkymyzyň milli bähbitleri bilen utgaşdyrmagyň esasynda guramaga girişdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydyr. Bitaraplyk ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanmagyny, ýaşaýyş-durmuş we medeni wezipeleri netijeli çözmegini, umumydöwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny, bilelikdäki taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmegini üpjün edýär. Parahatçylyga, dostluga we hyzmatdaşlyga esaslanan hemişelik Bitaraplyk ýurdumyz bilen birlikde halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, howpsuzlygyň maksatlaryna, durnuklylyga we abadançylyga doly laýyk gelýär.
Her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilmegi halkara bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, Bitaraplygyň türkmen ýolunyň goldanylýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk taglymaty öz gözbaşyny halkymyzyň taryhyndan alýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar häzirki döwür üçin niýetlenilen hem bolsa, onuň kökleri gadymy taryhdan başlanýar. Çünki, adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleri türkmençilik ýörelgeleri, döwletlilik ýörelgeleri bolup ýaşaýar» diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň ahlak taýdan berk binýadyna esaslanyp, onuň many-mazmun babatda dowamyna öwrülýär hem-de halkymyzyň iň oňat häsiýetlerini dünýä ýaýýar.