TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MÜŇ DOKUZ ÝÜZ TOGSAN BÄŞIŇ GYŞYNDA...

Müň dokuz ýüz togsan bäşiň gyşynda, has takygy, 12-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky köne Metbugat öýüniň binasynyň  öňünde geçirilen ýygnak Türkmenistana Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen baglanyşyklydy. Şol geçen ýygnakda okalan hat Nýu-Ýork şäherinden — BMG-den gelip gowşan hatdy. Biz — ýaş žurnalistler ata Watanymyza Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň ähmiýetine şol wagtlar o diýen derejede çuň düşünmän ekenik.

Aradan geçen ýigrimi bäş ýyl Bitaraplygyň Türkmenistan Diýarymyza nähili derejeler berendigine, döwletimizi  BMG-niň iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrendigine göz ýetirip galdyk. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly üstünligine, Türkmen döwletiniň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna halkara jemgyýetçiligiň beren ýokary bahasyna we hormatyna şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan geçen ýyllaryň içinde bütin adamzada özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini, asudalygy, howpsuzlygy gorap saklamak, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda erk-islegini subut etdi.

1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny we 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji we 9-njy maddalarynyň kadalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli hukuk esaslaryny emele getirdi.

Gadymy Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.

Geçen 25 ýylyň içinde biziň ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da artdy. Taryhy nukdaý nazardan çen tutsaň, 25 ýyl onçakly uzak möhlet däl. Ýöne Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi.

Bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň ähmiýeti barha artýar. Öz gözbaşyny halkymyzyň  däp-dessurlaryndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň dünýäde dabaralanýandygyny döwür günsaýyn subut edip gidip barýar...

 

Agadurdy AKMYRADOW,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.