Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyz halkara abraýy barha arşa göterilýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, saýlaw ulgamy-da barha kämilleşýär.
Bilşimiz ýaly, demokratik ýörelgeleriň täze we döwrebap kadalaryny nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň Parlamenti iki palataly ulgama geçdi. Bu demokratik, syýasy, hukuk özgertmeleri ýagny saýlawlary geçirmegiň täze görnüşini hem emele getirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, ýagny Parlamentiň täze palatasynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Indi bolsa bu saýlawlaryň jemini kesgitlemek, gaýtadan ses bermek, gaýtadan saýlawlary geçirmek işlerini guramagyň tertibi bilen tanyş bolalyň.
Saýlawlaryň jemini kesgitlemek. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawlaryň jemini welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary kesgitleýär. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň mejlisine gatnaşýan agzalary ses berenlerinden soňra welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary ses bermegiň tamamlanandygyny yglan edýär we sesleri sanamaga girişýär.
Saýlaw gutularynyň açylmagynyň öň ýanynda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary peýdalanylmadyk saýlaw býulletenleriniň ählisini sanaýar we ulanylmaz ýaly edýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda sesler her welaýatda, Aşgabat şäherinde dalaşgärleriň her biri boýunça aýratynlykda sanalýar.
Sesler sanalanda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary welaýat, Aşgabat şäheri boýunça saýlawçylaryň umumy sanyny, şeýle hem saýlaw býulletenini alan saýlawçylaryň sanyny takyklaýar. Topar: saýlaw gutusyndaky saýlaw býulletenleriniň esasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň umumy sanyny, dalaşgärleriň her biriniň tarapyna berlen sesleriň sanyny; hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny; ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny takyklaýar.
Saýlaw býulleteniniň hakykylygy barada dörän şübhe welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary tarapyndan sese goýmak arkaly çözülýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bellenilen nusgada bolmadyk ýa-da saýlaw býulleteninde sekizden köp ýa-da az dalaşgäriň familiýasynyň deňinde bellik edilen bolsa ýa-da hiç hili bellik edilmedik bolsa, şeýle hem saýlaw býulleteninde saýlawlar gününe çenli çykyp giden dalaşgärler üçin ses berlen ýa-da goşmaça familiýa ýazylan bolsa, onda ol saýlaw býulleteni hakyky däl diýlip hasap edilýär.
Sesleri sanamagyň netijesine welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň mejlisinde seredilýär we onuň netijeleri welaýat, Aşgabat şäheri boýunça düzülýän teswirnama girizilýär. **Teswirnama welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary, kätibi we agzalary gol çekýärler hem-de teswirnama toparyň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan yglan edilýär, soňra haýal edilmän Merkezi saýlaw toparyna iberilýär.
Teswirnamanyň nusgasy ses berilýän jaýda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň, synçynyň almaga hukugy bardyr.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň beýleki dalaşgärlere garanda köpüsini alan sekiz dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.
Merkezi saýlaw topary welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň teswirnamasy esasynda saýlawlardan soň bäş günden gijä goýman, Türkmenistan boýunça saýlawlaryň jemini jemleýär.
Welaýat, Aşgabat şäheri boýunça saýlawlaryň barşynda ýa-da sesler sanalanda Saýlaw kodeksiniň düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berlendigi üçin, eger olar saýlawlaryň jemlerine täsir eden bolsa, saýlawlar Merkezi saýlaw topary tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner. Düzgün bozulma hakynda şikaýat welaýat, Aşgabat şäher halk maslahaty, dalaşgär tarapyndan saýlawlaryň yz ýanyndaky iki günden gijä galman berilýär. Merkezi saýlaw topary şikaýata üç günden gijä goýman garaýar.
Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň jemini saýlawlaryň geçirilen gününden soň ýedi günden gijä goýman, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edýär.
Gaýtadan ses bermek. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň sany welaýat, Aşgabat şäheri boýunça sekize ýetmedik halatynda, saýlanylmadyk mandat üçin welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň şol günki mejlisinde saýlanylman galan dalaşgärleriň arasynda gaýtadan ses bermek geçirilýär.
Gaýtadan ses bermegi geçirmek hakyndaky karary welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary kabul edýär we bu barada welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalaryna yglan edýär hem-de Merkezi saýlaw toparyna habar berýär.
Gaýtadan ses berlende ses bermäge gatnaşyjylaryň sesi welaýat, Aşgabat şäheri boýunça Halk Maslahatynyň saýlanylman galan mandatynyň sanyna deň bolmalydyr.
Gaýtadan ses berlende welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary saýlaw býulletenleriniň haýal edilmän çap edilmegini guraýar.
Gaýtadan saýlawlary geçirmek. Eger Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegiň netijesinde Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň sany welaýat, Aşgabat şäheri boýunça sekize ýetmedik we gaýtadan ses berilmegi kimiň saýlanylandygyny kesgitlemäge mümkinçilik bermedik bolsa ýa-da saýlawlar hakyky däl diýlip ykrar edilen bolsa, umumy saýlawlardan soň üç hepdeden gijä goýman, gaýtadan saýlawlary geçirmek bellenilýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň gaýtadan saýlawlary Halk Maslahaty tarapyndan bellenilýär. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar hakynda habar welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalarynyň we ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
Gaýtadan saýlawlarda saýlawçylaryň sanawy welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň berýän maglumatlary esasynda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary tarapyndan düzülýär. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar umumy saýlawlardan soň elli gün möhletden gijä goýman, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.
Gaýtadan saýlawlar geçirilende ses bermäge gatnaşyjylaryň sesi welaýat, Aşgabat şäheri boýunça Halk Maslahatynyň saýlanylman galan mandatynyň sanyna deň bolmalydyr.
Gaýtadan saýlawlar geçirilende Merkezi saýlaw topary saýlaw býulletenleriniň çap edilmegini guraýar.
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň
Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.