TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÄHLIHALK BAG EKIŞLIGI

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde ýaşaýan her bir ynsan dürli bag nahallaryny ekmek bilen meşgullanýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi hem-de ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy,  şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy  mynasybýetli gurulýan desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleler bilen gyzyklanyp durmagyň wajypdygyny aýratyn belledi.

Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde bag  ekmek dabarasyny guramak bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemeginiň, şäher hojalygyny dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary anyk ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Tebigatyň bezegi saýylýan baglary köp oturtmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýän Türkmenistanda bu ýyl hem miweli we beýleki baglaryň nahallaryny has  köp  ekmeklik göz  öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde ýurduň paýtagtynyň, welaýatdyr etrap merkezleriniň, täze gurulan binalaryň daş-töwereklerinde emele gelen emeli tokaýlara  hyzmat etmek işi kämilleşdirilýär.  Tokaý zolaklarynda baglaryň özboluşly faunasy we florasy emele geldi. Bu gün  olary hünärmenlerdir alymlar bilen bilelikde ylmy taýdan öwrenmegiň pursady gelip ýetdi. Şoňa görä-de, bu işler durmuşa geçirilende ekologiýa syýasatyna doly laýyk gelmegini gazanmak bilen, bu ulgamdaky öň­debaryjy tehnologiýalaryň, tebigy bezeg babatdaky iň gowy tejribäniň giň­den ulanylmagyna  aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny  damjalaýyn usul bilen suwarmakda oýlanyşykly işler ýola  goýuldy. Şonuň netijesinde hazirki wagtda ýurduň dürli ministrlikleridir pudak edaralaryna bölünip berlen ýerlerde ýetişdirilen tokaý zolaklaryny görmäge göz gerek!

Şahyryň belleýşi ýaly:
Kimde­-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar.

Ekilen baglara ideg etmek işlerine we bag ekmek möwsümini gurama-çylykly geçirmäge taýýarlykly gelen ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.