TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MILLI BAHAR BAÝRAMY — HALKARA NOWRUZ GÜNI

Ata-babalarymyzdan miras galan, kökleri taryhyň müň­ýyllyklaryna uzap gidýän Milli bahar baýramymyz—Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Nowruz Zemine bolçulyk, hümmet getirýän berekediň gözbaşydyr.

Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siň­diren Nowruz baýramy biziň günlerimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.

2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy dünýä halklarynyň medeni mirasynyň has-da baýlaşmagyna getirdi.

Dünýäniň ençeme döwletleriniň Nowruz gününi halkara baýramçylygy hökmünde belläp geçmek baradaky başlangyjy 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy. Şondan bäri her ýylyň 21-nji martynda Nowruz güni halkara derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Bahar paslynyň gözel görki bilen adamzat dünýäsine çaýýan täsin ruhy röwşüni, Nowruzyň dünýäni täze keşbe getirişini çeper sözüň üsti bilen suratlandyryp, Magtymguly Pyragy şeýle beýan edýär: «Gelse Nowruz äleme – reň kylar jahan peýda».

Zeminiň gül-gülälege bürenip, ýürekleriň heýjana gelýän günlerinde Milli bahar baýramy — halkara Nowruz güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze röwüşde bellenýär.

Halkara Nowruz gününi, bahar paslyny, tebigat gözelliklerini, halkymyzyň bu günki eşretli döwrüni uly ruhubelentlik bilen medeniýet we sungat işgärleri belentden wasp edýärler.

Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýen halk pähimi bar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän Nowruz baýramy hem rysgally-bereketli ýyllaryň biri bolsun.