Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu şanly güne bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabarasy köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat çäreleri bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän kuwwatly güýçdir». Munuň şeýledigine, ir säherden ýaýbaňlandyrylýan bu çärelere bagtyýar ildeşlerimiziň höwes bilen gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär.
Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň uly aladasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işler berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Arkadag Prezidentimiziň adam hakdaky aladalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösýär, onuň maddy enjamlaýyn binýady berkidilýär, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi barha giň gerim alýar.
Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin ähli şertler döredildi, şol bir wagtda atçylyk sporty hem ösýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, at münmegiň türkmen däplerini öňe ilerletmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň halkara giňişliginde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany hem günsaýyn artýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize görelde görkezip, türkmen halkynyň bu sporta höwesini has-da artdyrýar. Welosiped sporty soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär.
Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär hem-de netijeli şahsy häsiýetiň döremegine kömek edýär. Has takygy, bedenterbiýe adamda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, oňyn durmuş gatnaşyklaryny hem-de raýat işjeňligini kemala getirýär.
Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi Aşgabadyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi juda buýsandyrýar.
Hormatly Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Sporty we sagdynlyk ýörelgesini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň hemişe jany sag, başy dik, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!